Lýuis Hemilton “Time” žurnalynyň ýüzünde peýda boldy

  • 02.03.2025 08:11
  • 2.5k+

“Formula-1-iň” britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton “Time” žurnalynyň daşynda peýda boldy. Ol interwýuda awtosportdaky ýoly we 2025-nji ýylda “Ferrari” toparyna geçmegi baradaky pikirleri bilen paýlaşdy.

“Men sportuň bu görnüşinde häli-häzire çenli ilkinji we ýeke-täk garaýagyz ýaryşa gatnaşyjy. Men başgaça gurlan. Men köp zatlary başdan geçirdim. Meniň öz ýolum bardy. Meni taryhda “Formula-1-iň” başga bir 40 ýaşly ýaryşa gatnaşyjysy, öňki ýa-da häzirki sürüjisi bilen deňeşdirip bolmaz” – diýip, Hemilton belleýär.

40 ýaşly Hemilton “patyşalyk ýaryşlarynyň” ýedi titulynyň eýesidir, ol bir tituly “Maklareniň” we altysyny “Mersedesiň” düzüminde aldy, bu Mihael Şumaheriň rekordynyň gaýtalanmagydyr.
2024-nji ýyl möwsüminde Hemilton çempionatda ýedinji orny eýeledi.
Ol “Time” žurnalynyň täze sanynyň ýüzünde “Ferrariniň” sürüjisi hökmünde karýerasynda täze bir baby görkezýän gara atyň öňünde dur.


12.02.2026 04:24
2.1k+

Bred Pittiň gatnaşmagyndaky «F1» filminiň dowamy boljagy tassyklanyldy

Bred Pittiň baş keşbi janlandyran «F1» filminiň sikweli resmi taýdan taýýarlanylyp başlandy. Bu barada blokbasteriň prodýuseri Jerri Brukhaýmer Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mynasybetli agşam naharynyň  dowamynda BBC gullugyna beren interwýusynda tassyklady we «Biz filmiň dowamynyň üstünde işleýäris» diýip, aýratyn belledi...

21.09.2025 21:27
9.5k+

Lýuis Hemilton 15 mln ýewro öz awtomobil kolleksiýasyny satdy

“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton öz awtomobil kolleksiýasyny satandygyny habar berdi. “Indi meniň ulaglarym ýok. Men kolleksiýamdan dyndym. Meni sungat has özüne çekýär. Eger men ulag satyn aljak bolsam, bu Ferrari F40 bolardy...

18.08.2025 08:47
3.3k+

Bred Pitt bilen “Formula-1” filmi 22-nji awgustda onlaýn çykar

“Formula-1” ýaryş blokbasteri 22-nji awgustda onlaýn kinoteatrlarda elýeterli bolar. Bu barada WhenToStream portaly habar berdi. Apple Studios studiýasynyň filmi iýun aýynyň ahyrynda prokata çykdy we dünýä prokatynda 579 mln dollar ýygnady...

05.08.2025 15:14
5.1k+

“Formula-1” Bred Pittiň karýerasynda iň girdejili film boldy

“Formula-1” ýaryş blokbasteri aktýor Bred Pittiň filmografiýasynda resmi taýdan iň köp girdeji gazanan taslama adyny aldy. Filmiň dünýädäki umumy kassa ýygymy 545 mln dollara ýetdi. Mundan öň iň girdejili film adyny 2013-nji ýylda çykan “Dünýä söweşi Z” saklaýardy (inflýasiýany hasaba almazdan $540 mln)...