Китай разработал детонационный двигатель, разгоняющий самолёты до 20 000 км/ч

  • 02.03.2025 07:34
  • 6.3k+

Hytaýly alymlar uçarlaryň tizligini sagatda 20 müň km-e (16 Mah) çykaryp biljek, adaty awiasiýa kerosini bilen işleýän dünýädäki ilkinji detonasion hereketlendirijini döretdiler. Bu barada «South China Morning Post» neşiri habar berýär.

Täze hereketlendiriji «kese tolkunly detonasion hereketlendiriji» (ODEW) diýlip atlandyrylýar. Takmynan, mundan dört ýyl ozal ABŞ-nyň Merkezi Florida uniwersitetinde (UCF) hem şuňa meňzeş hereketlendiriji döredilipdi, ýöne ol diňe wodorodyň we kislorodyň garyndysyndan ybarat ýangyç bilen işleýärdi. Hytaýly alymlar bolsa bu tehnologiýany adaty awiasiýa kerosini bilen işlär ýaly etdiler. Awiasiýa kerosini arzan we saklamak aňsat bolandygy sebäpli, bu taslama örän uly öňegidişlik hasaplanýar.
Täze hereketlendirijiniň esasy aýratynlygy – onuň adaty hereketlendirijilerden 1000 esse çalt ýanmagydyr. Ol 6-dan 16 Maha çenli tizlige arkaýyn ýetip bilýär. Adaty howa-reaktiw hereketlendirijiler bolsa, bular ýaly ýokary tizlige çykmakda kynçylyk çekýärler diýip, Hytaýyň «Journal of Experiments in Fluid Mechanics» ylmy žurnalynda çap edilen netijelerde bellenip geçilýär.
Geçirilen synaglarda hereketlendiriji 50 millisekuntlap işlemegini dowam etdirdi. Alymlar munuň 9 Mah tizlikde 150 metr uçmaga deňdigini belleýärler. Şeýle-de hereketlendirijiniň ýanma kamerasynyň beýleki hereketlendirijilere garanyňda 85% kiçi bolany üçin, uçaryň agramy azalýar, şeýlelikde üznüksiz uçuşyň menzili artýar.
Bu taslama Hytaýyň 2030-njy ýyla çenli dünýäniň islendik künjegine bary-ýogy 1 sagadyň dowamynda baryp biljek uçar döretmek meýilnamasynyň bir bölegidir. Meselem, geljekde Şanhaýdan Los-Anjelese bary-ýogy 30 minutda uçmak mümkin bolar. Şeýle-de bu hereketlendiriji gaýtadan ulanylýan kosmos gämileriniň hem orbita çykmagyna kömek edip biler.
Tehniki kynçylyklara garamazdan, alymlar şu ýylyň ahyryna çenli uçuş synaglaryna başlamagy meýilleşdirýärler.


28.05.2026 17:08
5.9k+

В Китае роботу доверили уборку урожая: он выполнил работу с эффективностью 90%

В китайском городе Наньтун провинции Цзянсу прошли успешные полевые испытания первого в стране робота для уборки свежих бобов....

28.05.2026 12:29
2k+

В Китае придумали способ одновременно получать из отходов водород и поглощать CO2

Китайские исследователи представили перспективную технологию получения биоводорода с помощью ферментации, которая одновременно решает две важные задачи — производство экологически чистого топлива и переработку......

25.05.2026 16:14
5.4k+

2000 серверов пошли на дно: Китай запустил первый подводный дата-центр на энергии ветра

Китай ввел в коммерческую эксплуатацию первый в мире подводный дата-центр, работающий на энергии морских ветряных электростанций. Объект расположен у побережья Шанхая....

15.05.2026 11:06
1.9k+

Китай проводит в космосе эксперимент с искусственными эмбрионами человека

Китай начал первый в мире эксперимент по изучению развития искусственных эмбрионоподобных структур человека в условиях микрогравитации на орбите. Об этом сообщило агентство «Синьхуа» со ссылкой на Центр......