Meksikada sapotekleriň ýiten şäheri tapyldy. Ol ýerde hatda top oýnamak üçin meýdançalar hem bolupdyr

  • 02.03.2025 06:48
  • 5.4k+

Meksikadaky arheologlar sapotekleriň ýitip giden şäherini tapdylar. 600 ýyldan gowrak ozal bar bolan Giýengola göwrümi we ösen infrastrukturasy bilen alymlary haýran galdyrdy. Bu barada Live Science neşiri habar berdi.

XIV-XV asyrlarda ýerli ilat tarapyndan döredilen bu ilatly nokat taryhy ýazgylarda ýatlanyp geçilýär, ýöne onuň takyk ýerleşýän ýeri we ululygy syr bolmagynda  galyp gelýärdi. Lidar tehnologiýasynyň ulanylyp başlanmagy bilen, hemme zat üýtgedi. Bu usul ýeriň kartalaryny döretmek üçin lazer impulslaryny ulanýar. Makgil uniwersitetinden Pedro Gillýermo Ramon Selisiň ýolbaşçylygyndaky alymlar hem hut şony ulandylar.
Ancient Mesoamerica žurnalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, Giýengola 360 gektar meýdany tutupdyr.
Şäherde 1100 bina, 4 kilometr diwar, ýollar, ybadathanalar we köpçüligiň üýşýän  ýerleri bolupdyr. Täsin tapyndylaryň biri hem top oýnalýan meýdança boldy. Barlagçylar görnükli we ýönekeý adamlar üçin aýratyn mähelleleri hem tapdylar. Şäheriň golaýyndan derýa akyp geçipdir.
Mundan başga-da, şäheriň çäginde hökümdaryň ýaşaýan ýeri bolandyr diýip çaklanýan toplum tapyldy. Şäher 1350-1500-nji ýyllar aralygynda 150 ýyl gülläp ösüpdir, emma onuň näme üçin terk edilendiginiň sebäbi entek näbelli bolmagynda galýar.


07.06.2026 20:06
3.1k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

07.06.2026 17:05
8.1k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

05.06.2026 00:08
8.3k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......