Word, Excel, PowerPoint ýaly programmalaryň täze wersiýalaryny mugt ulanyp bolar

  • 01.03.2025 17:36
  • 2.5k+

Microsoft korporasiýasy Windows operasion ulgamy üçin mahabatly mugt Office programmalar toplumyny synagdan geçirip başlady. Bu barada «Beebom» neşiri habar berýär.

Häzirki wagtda bu mugt programma üpjünçiligi diňe käbir ýurtlarda elýeterli. Käbir ulanyjylarda, Microsoft Store arkaly «Microsoft 365» abunalygyny satyn almak zerurlygy bolmazdan, mugt Office toplumyny ýükläp biljekdikleri barada bildiriş peýda bolýar. Emma Word, Excel, PowerPoint we beýleki elýeterli programmalar ulanylýan mahaly, ekranda mahabat bannerleri we 15 sekuntlyk wideorolikler görkezilýär.
Microsoft "Office" toplumynyň täze wersiýasy barada ozalky teswirinde korporasiýanyň mahabatly wersiýany çykarmak boýunça meýilnamasynyň ýokdugyny mälim edipdi. Muňa garamazdan, dürli ýurtlarda geçirilýän synaglardan soň, täze toplumyň ähli ulanyjylar üçin doly neşir edilmegi boýunça karar kabul edilip bilner.


09.02.2026 15:19
1.4k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
856

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...

05.02.2026 02:14
795

Microsoft ahyrsoňunda 30 ýyllyk NTLM howpsuzlyk protokolyny öçürýär

Microsoft kompaniýasy Windows 11-iň geljekki wersiýalarynda könelen NTLM howpsuzlyk protokolynyň standart (default) ulanylyşyny bes etmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Bu ýerde gürrüň tehnologiýany doly aýyrmak barada däl-de, eýsem ulgamyň standart sazlamalarynyň üýtgedilmegi barada gidýär...