Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ýerleşýän maglumat geçiriş ulgamy döwrebaplaşdyrylar

  • 01.03.2025 12:38
  • 10k+

Türkmenistanda aragatnaşyk pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzdan üstaşyr ýokary hilli we tizlikli maglumat akymlaryny geçirmäge amatly şertleriň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmeleriniň sanyny we maglumat geçirijilik tizligini artdyrmagyň, aragatnaşyk geçirijiligi goşmaça ätiýaçlandyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi. Bu babatda degişli işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr maglumat geçiriji ýurt hökmünde ornuny has-da berkitmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutany Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän maglumat geçiriş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de goşmaça maglumat geçiriş beketlerini gurnamak barada taýýarlanylan teklipleri makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 22:17
1.3k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......