Indi "guşkelle" diýip bolmaz. Alymlar guşlaryň düşbüligini synag edip gördüler

  • 01.03.2025 07:48
  • 7.4k+

Alymlar köpden bäri "dünýäniň iň samsyk guşy" diýlip atlandyrylýan emu guşlarynyň aňlaýyş ukybyny barlamak üçin synag geçirdiler. Netijeler alymlary haýran galdyrdy we dinozawrlar barada gaýtadan pikir ýöretmäge mejbur etdi. Bu barlag Scientific Reports žurnalynda çap edildi.

Ozal ornitologlar ähli paleognatlara (emu, nandu we düýeguş ýaly guşlar) şübheli garaýardylar, olaryň diýseň güýçlidiklerine garamazdan, akyl taýdan gowşakdyklaryna ynanýardylar. Bu tassyklamany barlamak isläp, olar aýlanýan tigir bilen synag geçirdiler: iýmiti almak üçin guşlar ony dogry tarapa gönükdirip goýmalydylar. Tötänlikleri aradan aýyrmak üçin her guş on gezek synagdan geçdi.
Iýmitlenmek islegi guşlary "kellesini işletmäge" mejbur etdi. Emu deşigi iýmit kamerasyna dogrulamagy, ýagdaýlaryň 90%-inde tigir çarhyny netijeli ugra gönükdirmegi başardy. Nandu hem şuňa meňzeş usuly ulandy, üstesine öz usulyny hem döretdi - çarhyň ortasyndaky bolwankany tä ýykylýança aýladylar. Diňe düýeguşlar hiç hili ugurtapyjylyk görkezmedi.
Bu barlag tehniki meseleleri çözmek ukybynyň guşlarda has öňräk peýda bolandygyny görkezýär. Paleognatlaryň dinozawrlaryň iň ýakyn garyndaşlarydygy mälim. Şonuň üçin alymlar alnan netijeleriň millionlarça ýyl öň ýitip giden dinozawrlaryň özüni alyp barşyny öwrenmekde peýdaly bolup  biljekdigine ynanýarlar.
Alymlar guşlaryň dürli görnüşleriniň akyl ukyplaryny deňeşdirip, barlaglaryny  dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.


düýn 23:54
834

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

27.06.2026 12:00
4.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......