Bloomberg: Tesla-nyň paýnamalarynyň bahasy 40% aşak gaçdy – maýadarlar Maska bolan ynamyny ýitirýär

  • 28.02.2025 23:12
  • 6.5k+

2024-nji ýylyň ahyryndan bäri, Tesla kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy, takmynan, 40% aşak gaçdy diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär. Soňky günlerde bu pese gaçyş has-da çaltlaşdy. Kompaniýanyň Ýewropadaky satuwlarynyň tas iki esse diýen ýaly azalandygy we dördünji çärýekdäki görkezijileriniň gowşak bolandygy baradaky habarlaryň ýaýramagy maýadarlary alada goýdy.

Şu hepde paýnamalaryň bahasynyň 17% aşak gaçmagy, treýderleriň (söwdagärleriň) howsala düşýändigini görkezýär.

«Tesla ýaly gymmat bahalandyrylýan islendik paýnama bilen bagly hakyky kynçylyk, onuň iň pes derejesini kesgitlemegi başarmakdyr. Paýnamalaryň pes nokatlary, köplenç adaty görkezijilerden has köp maýadarlaryň keýpine bagly bolýar» — diýip, Interactive Brokers kompaniýasynyň baş strategi Stiw Sosnik belleýär.

Hakykatdanam, Tesla-nyň girdejä bolan bahalandyryş koeffisiýenti – 92. Bu görkeziji S&P 500 indeksiniň ortaça görkezijisinden (21) we şonuň ýaly-da beýleki iri kompaniýalaryň görkezijisinden (28) birnäçe esse ýokary.
Tesla-nyň kynçylyklary bu ýyl has-da artdy. ABŞ-nyň prezident saýlawlaryndan soň kompaniýanyň paýnamalary ýokarlandy. Sebäbi köp adam Ilon Maskyň Donald Tramp bilen ýakyn gatnaşykda bolup, oňa peýda getirjekdigini çaklapdy. Emma kompaniýa soňky on ýyllykda ilkinji gezek ýyllyk satuwlarynyň peselendigini we ýanwar aýynda satuwlaryň netijesiniň oňyn bolmandygyny yglan edensoň, maýadarlar ynamyny ýitirip başlady. Şeýle-de kompaniýanyň girdeji hasabaty, çärýeklik girdejiniň garaşylandan has pes bolandygyny görkezdi. Şondan soň Tesla 2025-nji ýyl üçin satuw baradaky çaklamalaryny hem peseltdi.
Kompaniýanyň bazardaky gymmaty 1 trillion dollardan aşak gaçdy we iň gymmat amerikan kompaniýalarynyň sanawynda Berkshire Hathaway hem-de Broadcom-dan yzda galdy. Ilon Maskyň syýasata aşa köp üns bermegi hem maýadarlary aladalandyrýar – köp adam onuň öz işine has köp üns bermegini isleýär.
Häzirlikçe ösüş üçin oňyn faktorlara garaşylmaýar. Analitikler sürüjisiz awtoulag tehnologiýasy boýunça uly ösüşleriň bolmagyna garaşmaýarlar. Şeýle-de opsiýa bazary «aýy» (pessimist, aşak gaçyş) ýagdaýynyň bardygyny görkezýär. Penşenbe güni paýnamalar 3% pese gaçyp, olaryň bahsy 280 dollar boldy. Emma anna güni premarket söwdasynda az-kem ýokarlanyp, 0.4% ösdi. S&P 500 indeksindäki umumy pese gaçyş bilen bilelikde, maýadarlar täze «sarsgynlara» taýynlyk görýärler.


05.06.2026 15:49
4.3k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.6k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......