OpenAI GPT-4.5-i hödürledi. Ol has gowy ýazýar, kodlaýar we az ýalňyş goýberýär

  • 28.02.2025 18:17
  • 1.9k+

OpenAI amerikan kompaniýasy täze emeli aň (EA) modelini – GPT-4.5-i hödürledi. Bu barada 27-nji fewralda kompaniýanyň resmi blogunda habar berildi.

OpenAI-yň bellemegine görä, täze model ulanyjylaryň kiçijek yşaratlaryny hem has gowy duýýar we olara has takyk jogap berýär. Şeýle hem ol tekst ýazmak we programmirlemek üçin has peýdaly. Kompaniýa öňki wersiýalara garanyňda, GPT-4.5-iň has az ýalňyşmagyna garaşýar.
Kompaniýanyň içinde «Orion» ady bilen tanalýan, täze modeliň deslapky wersiýasy, häzirlikçe diňe çäkli işläp düzüjilere we «ChatGPT Pro» abunalygyna ýazylan ulanyjylara elýeterli edildi.
OpenAI-yň gözleg boýunça wise-prezidenti Nik Raýder «Bloomberg» neşirine beren interwýusynda, täze modeliň mümkinçilikleriniň häzirki iň güýçli model bilen deňeşdirilende, GPT-3.5-den GPT-4-e geçişdäki ýaly ep-esli ýokarlanjakdygyny aýtdy.
«Orion» modeliniň işläp düzülýän döwründe, OpenAI birnäçe kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy diýip, «Bloomberg» neşiri 2024-nji ýylda habar beripdi. Maglumatlara görä, «Orion» käbir programmirleme meselelerini çözüp bilmän galypdyr, sebäbi ol şol ugurlar boýunça ýörite türgenleşdirilmändir. Ýatlatsak, kompaniýa has kämil EA ulgamlaryny işläp düzmek üçin täze, ýokary hilli we ozal ulanylmadyk okuw maglumatlaryny tapmak meselesi bilen hem ýüzbe-ýüz bolupdy.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......