Apple önümçiligini ABŞ-a geçirmek üçin 500 mlrd dollar maýa goýar

  • 27.02.2025 19:08
  • 3.6k+

Apple taryhyndaky iň uly maýa goýumy yglan etdi. Kompaniýa geljek dört ýylyň dowamynda kremniý tehnologiýalaryna jemi 500 milliard dollar maýa goýar we önümçiligini ABŞ geçirer. Bu ädim täze iş orunlaryny döretmäge ýardam berer, şeýle-de ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky tehnologiýa babatdaky bäsdeşligi güýçlendirer.

Maýa goýumyň bir bölegi ABŞ-nyň Arizona ştatyndaky «TSMC Fab 21» zawodynda kremniý çiplerini öndürmäge gönükdiriler. Geçen hepde şol ýerde Apple çipleriniň köpçülikleýin önümçiligine başlanypdy. Bu taslama diňe bir tehnologiki taýdan däl, eýsem geosyýasy taýdan hem uly ähmiýete eýedir. Apple kompaniýasynyň üpjün edijileri ABŞ-nyň 12 ştatynda ýerleşýän 24 sany zawodda kremniý önümleriniň önümçiligini eýýämden ýola goýdular.
Apple 2026-njy ýylda Hýuston şäherinde täze serwer önümçilik sehini açmagy hem meýilleşdirýär. Täze sehde önümleriň energiýa tygşytlylygyna aýratyn üns berler.
Şeýle-de kompaniýa Apple TV+ hyzmatynyň goldawyny kämilleşdirmek üçin ABŞ-nyň 20 ştatynda maýa goýumlary amala aşyrar.
Bu giň möçberli maýa goýumlar Apple kompaniýasynyň ABŞ-daky ornuny has-da berkitmäge ýardam berer we olar innowasiýa, önümçilik we täze iş orunlaryny döretmek arkaly ýurduň ykdysady ösüşine itergi berer.


düýn 12:08
1.4k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

düýn 12:03
7.9k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......