Chrome-da sahypalaryň «ikonkalary» arkaly Ping-Pong oýnamak üçin oýun işlenip düzüldi

  • 27.02.2025 11:24
  • 2k+

«Nolen Royalty» lakamy bilen tanalýan işläp düzüji üýtgeşik Ping-Pong oýnuny döretdi. Bu oýun adaty brauzerde däl-de, 240 sany Google Chrome sahypasynda işleýär. «Faviconic Pong» diýlip atlandyrylan oýunda topuň hereketi sahypalaryň kiçijik ikonkalarynyň (favicon) üsti bilen görkezilýär.

Oýnuň meýdany iki bölege bölünýär. Aşaky bölegi Chrome brauzeriniň esasy penjiresinde görkezilýär. Ýokarky bölegi bolsa sahypalaryň ikonkalarynyň arasynda hereket edýär. Oýunda ähli gerekli zatlar bar: raketkalar, top we ballaryň hasaby. Iň gyzykly ýeri, oýundaky top diňe brauzeriň penjiresiniň içinde däl-de, sahypalaryň ikonkalarynyň arasynda-da gezýär.
Bu täsin taslamany döretmek üçin işläp düzüji macOS üçin AppleScript skript dilini ulanyp, animasiýa üçin ikonkalaryň tiz-tizden täzelenmegini ýola goýupdyr. Ol sahypalaryň sazlaşykly işlemegi üçin WebSockets ulanmady, deregine ýaýlym kanallaryny saýlady.
Nolen Royalty oýnuň entek diňe nusgalyk derejede galýandygyny aýdýar. Şeýle-de oýny diňe Mac kompýuterlerinde işledip bolýar, sebäbi oýun AppleScript diline garaşly.
Oýnuň doly kody GitHub platformasynda elýeterli.


11.06.2026 14:00
2.5k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......