Deýmon Albarn, Keýt Buş we beýleki müňden gowrak sazanda “ümsüm albomy” çykardy

  • 27.02.2025 00:16
  • 2.6k+

Müňden gowrak sazanda, şol sanda Blur we Gorillaz toparlarynyň frontmeni Deýmon Albarn, Enni Lennoks we Keýt Buş “Bu biziň isleýän zadymyzmy?” (“Is this what we want?”) ady bilen bilelikdäki albomy çykardylar. Ýazgy onda aýdym-sazyň ýokdugy bilen tapawutlanýar – ol britan hökümetiniň emeli aňy (EA) işläp düzüjilere awtorlyk hukugy tarapyndan goralan eserleri ulanmaga rugsat bermek meýilnamasyna garşy nägilelik hökmünde çykaryldy. Bu barada BBC News habar berýär.

Albomda umumy dowamlylygy 47 minut bolan 12 aýdym bolup, olar doly ümsümligiň ýa-da konsert zallaryndan we studiýalardan nähilidir bir sesleriň ýazgysydyr. Ýazgynyň awtorlarynyň pikiriçe, awtorlyk hukugy baradaky kanuna giriziljek düzedişler hut şu ýagdaýa getirer.
Sazandalaryň nägileligine Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylýan kanun taslamasy sebäp boldy. Eger ol tassyklanan ýagdaýynda, EA-ny işläp düzüji kompaniýalar awtorlyk hukugyny berjaý etmezden internetde elýeterli bolan çeper eserleri, şol sanda aýdym-sazlary ulanyp biler. Şol bir wagtyň özünde, eserleriň hukuk eýeleri öz döredijiliginiň ulanylmagyny gadagan edip biler.
Ýöne kanun taslamasyny tankytlaýanlar ýazyjynyň, suratkeşiň ýa-da sazandanyň müňlerçe EA kompaniýalaryna öz döredijiligini ulanyp bilmejekdigi barada duýdurmaga mümkinçiliginiň ýokdugyny belleýär. Şeýle-de, olar öz işlerine näme bolandygyny we olaryň nähili ulanylýandygyny tutuş internetde yzarlap bilmez.
Öz gezeginde, Britaniýanyň ylym, innowasiýa we tehnologiýa departamenti kanun taslamasyny goldaýar we onuň pikiriçe, häzirki kanun “EA-a öz mümkinçiliklerini doly görkezmäge mümkinçilik bermeýär – bu beýle dowam edip bilmez”. Departament häzir maslahatlaryň we pikir alyşmalaryň geçirilýändigini, çözgüdiň bolsa ähli tarapy kanagatlandyrmalydygyny belledi.
24-nji fewralda The Times gazeti hem ýazyjylaryň we sazandalaryň EA bilen meşgullanýan kompaniýalaryň öz awtorlyk hukuklaryny “ogurlamagyna” ýol bermezlige çagyrýan hatyny neşir etdi. Hata Pol Makkartni, Sting, Dua Lipa, Stiwen Fraý, Tom Stoppard we beýlekiler gol çekdi.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......