Täze “Kapitan Amerika” öz çykdajylaryny ödemän biler: gyzyklanma barha peselýär

  • 25.02.2025 23:59
  • 4.7k+

“Kapitan Amerika: Ajaýyp täze dünýä” (Капитан Америка: Дивный новый мир) blokbasteriniň kassa ýygymy 300 mln dollara golaýlaýar, ýöne ikinji uikendde (hepde soňunda) girdejiniň 68% pese gaçmagy onuň öz býujetini ödäp biljekdigine şübhe döredýär.

Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, filmi düşürmek üçin 180 mln dollar sarp edildi, ýöne goşmaça çykdajylary göz öňünde tutsaň, býujeti ödemek üçin, takmynan, 425 mln dollar gerek bolar.
Ilkinji dynç günleri film ABŞ-da 88 mln dollar ýygnady, ikinji uikendde bu görkeziji bary-ýogy 28,2 mln dollar boldy. Bu bolsa auditoriýanyň gyzyklanmasynyň ep-esli pese gaçandygyny görkezýär.
Umuman, dünýä boýunça lenta 289,4 mln dollar gazandy, şolardan 141,2 mln dollar içerki bazaryň paýyna düşýär. Ikinji uikendde umumy global girdeji 63,5 mln dollar boldy.
Aslynda, bäsdeşligiň ýokdugy sebäpli pese-gaçyş birneme haýal bolar diýlip çaklanypdy, ýöne analitikler şeýle pese gaçyşyň Marvel filmleri üçin täze kada öwrülendigini belleýär. Eger filme 450 mln dollar ýygnamak başardaýsa-da, bu häzirki depgini göz öňünde tutsaň, diýseň kynlyk bilen bolar.


23.06.2026 22:06
921

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......