“Meda in China”: OnePlus müşderilere korpusyndaky ýalňyş sebäpli sagatlary çalyşmagy teklip edýär

  • 25.02.2025 18:01
  • 7.1k+

OnePlus kompaniýasy Watch 3 akylly sagatlarynyň eýelerine korpusyndaky ýalňyş sebäpli gajetlerini çalyşmagy teklip etdi. Sagatlaryň yzky gapagyndaky “Made in China” (Hytaýda öndürilen) ýazgysyna derek ýalňyşly jümle “Meda in China” ýazyldy. Bu baradaky maglumat sosial ulgamlarda derrew ýaýrady.

Kompaniýa ýalňyşlygy boýun aldy, ýöne şeýle gurluşlaryň örän çäkli çykarylandygyny belledi.

“Ýalňyş gözden sypyp, siziň täze OnePlus Watch 3 sagatlaryňyza düşüpdir. Alada etmäň, bu asla tötänleýin boldy” – diýip, brend belledi. Şol bir wagtyň özünde, şeýle ýalňyş bilen näçe sagadyň çykarylandygy anyklaşdyrylmaýar.

Bu ýalňyşlyk hatda sagatlaryň resmi suratlarynda-da peýda boldy, ýöne internetdäki çekişmelerden soň kompaniýa olary aýyrdy.

“Käbir ulanyjylar bu ýalňyşyň üstünden güldi. Eger bu bulam-bujarlyk sagatlaryň diňe bir toplumyna täsir etse, ol derrew kolleksiýa önümine öwrüler. Ýöne käbir ulanyjylar ýalňyşlygyň hil gözegçiliginiň deňinden geçendigine lapykeç boldy. Her niçigem bolsa, hemmä ýaranyp bolmaýar” – diýip, Android Police ýazýar.

2018-nji ýylda şeýle ýagdaý bilen Asos kompaniýasy ýüzbe-ýüz boldy. Ýalňyşly (online sözüniň deregine, onilne diýlip ýazylan) 17 müň firma pakedini çykarmak bilen, kompaniýa munuň “çäkli kolleksiýadygyny” aýdyp, olary yzyna gaýtarjak hem bolmady. 


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....