Netflix “Narniýanyň hronikalary” boýunça sekiz film düşürer

  • 25.02.2025 17:56
  • 2.5k+

Netflix “Narniýanyň hronikalary” (Хроники Нарнии) boýunça sekiz film çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada IMAX-yň ýolbaşçysy Riç Gelfonda salgylanyp, Deadline habar berýär.

Gelfond kompaniýanyň sekiz film çykarmak isleýändigini we olaryň ählisiniň IMAX ekranlarynda görkeziljekdigini aýtdy. Gelfond muny uly premýeralar üçin tüýs laýyk gelýän format hasaplaýar.
Belläp geçsek, Klaýw Lýuisiň “Narniýanyň hronikalary” romanlary sekiz kitapdan ybarat. Ähtimal, Netflix, “Garri Potterde” bolşy ýaly, olaryň birini iki bölege böler. Kompaniýa häzirlikçe resmi taýdan hiç zat tassyklamady.
Ilkinji iki filmiň režissýory “Barbini” düşüren Greta Gerwig bolar. Birinji bölüm tomusda surata düşürilip başlanar, onuň premýerasy bolsa 2026-njy ýylyň 26-njy noýabryna meýilleşdirilýär.
“Narniýanyň hronikalary” boýunça ozal hem filmleriň düşürilendigi sebäpli, Netflix-iň taslamasy franşizanyň gaýtadan çykarylmagy bolar.


düýn 11:02
9.6k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.1k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

06.06.2026 16:07
6.4k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

04.06.2026 17:22
4.8k+

96 ýaşly tanymal režissýor Klint Istwud karýerasyny tamamlaýar

Meşhur amerikan aktýory we režissýory Klint Istwud kino pudagyndaky karýerasyny tamamlady. Bu barada onuň ogly habar berdi....