Independent Spirit Awards ýylyň iň gowy garaşsyz filmlerini sylaglady

  • 25.02.2025 12:30
  • 3.6k+

“Anora” filmi garaşsyz kinoda gazanylan üstünlikler üçin berilýän 40-njy Independent Spirit Awards (“Garaşsyz ruh”) baýragynyň esasy ýeňijisi boldy. Režissýor Şon Beýkeriň bu kartinasy üç esasy baýragy aldy diýip, Variety habar berýär.

Film “Iň gowy film” nominasiýasynda tapawutlandy, Beýker “Iň gowy režissýor” boldy, baş keşbi ýerine ýetiren Maýki Medison bolsa esasy aktýorlyk baýragyny aldy.
Režissýor sahnada eden çykyşynda garaşsyz kinonyň ähmiýetini belläp, pudagyň ulgamlaýyn meselelerine ünsi çekdi.
Ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragyny “Hakyky agyry” filminden Kiran Kalkin aldy. Filmiň režissýory Jessi Aýzenberg iň gowy ssenariý üçin heýkele mynasyp boldy.
Şeýle-de, “Sugun çagasy” serialyndaky aktýorlar üç baýraga eýe boldy.
Independent Spirit Awards baýragynyň ýeňijileriniň sanawy:

  • ·Iň gowy film – “Anora” (Анора)
  • ·Iň gowy režissýor – Şon Beýker (“Anora”)
  • ·Iň gowy esasy keşp – Maýki Medison (“Anora”)
  • ·Ikinji plandaky iň gowy keşp – Kiran Kalkin (“Hakyky agyry” / Настоящая боль)
  • ·Iň gowy öňegidişlikli keşp – Meýsi Stella (“Meniň baýaky otyrýerim” / Моя старая задница)
  • ·Iň gowy ssenariý – Jessi Aýzenberg (“Hakyky agyry”)
  • ·Iň gowy ilkinji film – “Körpe dogan” (Младший брат)
  • ·Iň gowy daşary ýurt filmi – “Akym” (Поток)
  • ·Iň gowy täze serial – “Sýogun” (Сёгун)
  • ·Täze serialda iň gowy esasy keşp – Riçard Gadd (“Sugun çagasy” / Олененок)
  • ·Täze serialda ikinji plandaky iň gowy keşp – Nawa Mau (“Sugun çagasy”)
  • ·Täze serialda iň gowy öňegidişlikli keşp – Jessika Ganning (“Sugun çagasy”)
  • ·Täze serialda iň gowy aktýorlar düzümi – “Ýalňyzlykda nädip ölmeli” (Как умереть в одиночестве)

Bu baýrak 1984-nji ýyldan bäri hereket edýär. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Kaliforniýa ştatynyň Santa-Monika şäherinde “Oskar” baýragynyň öňüsyrasynda geçirilýär. 


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....