Prada modalar öýi gysga metražly filminiň täze bölümini hödürledi. Onda meşhur aktrisa Sedi Sink çykyş edýär

  • 24.02.2025 22:52
  • 5.5k+

Prada modalar öýi we National Geographic Creative Works bilelikdäki gysga metražly filmleriniň üçünji bölümini çykardylar. Bu gezek taslamada aktrisa Sedi Sink çykyş etdi. Ol Meksikanyň La-Pas şäherine we Ýuwaş ummanyna syýahat etdi. Bu barada modalar öýüniň X sosial torundaky resmi hasabynda mälim edildi.

Taslamanyň täze bölüminde kit akulalary barada gürrüň berilýär. Kit akulalary dünýäniň iň uly balyklary hasaplanýar. Olar diňe planktonlar we suwotylar bilen iýmitlenip, ummandaky şeýle ösümlikleriň sanyny kadalaşdyrmaga öz täsirlerini ýetirýärler.
Häzirki wagtda bu jandarlar uly howp astynda. Şonuň üçin Prada Group, ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik komissiýasy bilen bilelikde «Sea Beyond» maksatnamasyny durmuşa geçirýär. Bu maksatnama deňiz ekosistemasy baradaky bilimleri jemgyýete giňden ýaýratmagy, adamlaryň okeanologiýa boýunça bilim derejelerini ýokarlandyrmagy we tebigy baýlyklary goramagy maksat edinýär.

Prada-nyň «Re-Nylon Collection» seriýasynyň girdejisiniň 1%-i «Sea Beyond» maksatnamasyna gönükdiriler.
Ýatlatsak, taslamanyň öňki bölüminde Benedikt Kamberbetç çykyş edipdi. Surata düşürmek işleri bolsa Norwegiýanyň Budýo şäherinde geçirilipdi.

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....