Mask X-i düşewüntli edip başardy, ýöne girdejisi şonda-da Twitter-iň derejesinden pes

  • 24.02.2025 14:00
  • 4.4k+

Ilon Maska degişli bolan X kompaniýasy 2024-nji ýyly 2,6 mlrd dollar girdeji bilen tamamlady, bu bolsa 2023-nji ýyldaky 2,96 mlrd dollar derejeden pesdir. Şol bir wagtyň özünde X 1,4 mlrd dollar möçberde düşewünt almagy başardy diýip, sosial ulgamyň maliýe görkezijilerine elýeterli bolan Bloomberg agentligi habar berýär.

Belläp geçsek, 2021-nji ýylda, Mask  Twitter-i satyn almazdan ozal, kompaniýa ýitgili bolup galsa-da, 5,1 mlrd dollar möçberde girdeji gazanýardy.
X-iň karz borçlary meseleli bolup galýar: olar girdejiden dokuz esse ýokary bolup, bank pudagynda kabul edilen kadalaryň çäginden çykýar. Muňa garamazdan, X-iň kapitalizasiýasy 44 mlrd dollara çenli ýokarlandy, bu bolsa Maskyň 2022-nji ýylda Twitter-i satyn alan wagtyndaky derejä gabat gelýär.
xAI kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk X-e hem peýda, hem çykdajy getirýär. Mysal üçin, xAI kompaniýasy X-e 65 mln dollar ygtyýarnama tölegini geçirip, 200 mln dollardan gowrak goşmaça girdeji bilen üpjün etdi. Ýöne xAI üçin gymmat bahaly tizleşdirijileri satyn almak üçin X ep-esli pul sarp etdi, bu hem onuň erkin pul serişdelerini 1,4 mlrd dollardan 400 mln dollara çenli azaltdy.
Maskyň syýasy işi käbir mahabat berijileri özüne çekip, beýlekileri bolsa ürküzip, X-e ters täsir edýär. Muňa garamazdan, Amazon, Apple, Kraft Heinz we Stellantis NV ýaly kompanialar öz mahabatlaryny platforma goşdy, bu bolsa maliýe akymyny güýçlendirip, berginiň üzülmegine kömek etmeli.


10.05.2026 12:04
1.2k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......