Toyota 2025-nji ýylda ykjam Land Cruiser ulagyny çykarar

  • 24.02.2025 08:11
  • 14k+

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy Land Cruiser hatarynda täze ykjam ulagyny çykarar. Ol çarçuwaly, doly herekete getirijili bolup, Suzuki Jimny-nyň bäsdeşine öwrüler. Onuň bahasynyň, takmynan, 28,2 müň dollar bolmagyna garaşylýar.

Öň model elektrik bolar diýlip çaklanypdy, ýöne Toyota benzin hereketlendirijisini hödürlemek kararyna geldi. Ähtimal, dizel wersiýasy hem hödürlener. Awtomobil Hilux üçin işlenip düzülen IMV 0 platformasyna esaslanyp bilner. Onuň uzynlygy Toyota Corolla Cross ýaly 4,5 metr töweregi bolar.
Land Cruiser FJ-niň 2025-nji ýylyň güýzünde hödürlenmegine garaşylýar, satuw 2026-njy ýylda başlar. Ýaponiýada onuň bahasy birneme arzan bolar – takmynan, 4 mln ýena ($26 800). Häzirlikçe bu ulagyň haýsy ýurtlarda elýeterli boljakdygy belli däl.
Toyota ykjam, şol bir wagtyň özünde adaty çarçuwa gurluşly doly derejeli ulag bilen alyjylaryň ünsüni çekmek isleýär.


düýn 21:54
1.5k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......