Täze «Jeýms Bond» filmlerini we seriallaryny Amazon çykarar

  • 24.02.2025 08:00
  • 1.7k+

«Jeýms Bond» franşizasyna degişli filmleri we seriallary indi Amazon çykarar diýip, «Variety» neşiri habar berýär, Franşiza boýunça hukuk üç tarapa degişli bolar: Amazon, prodýuserler Maýkl J. Uilson we Barbara Brokkoli. Emma döredijilik gözegçiligi Amazon-a degişli bolar.

«Jeýms Bond ilkinji gezek kinoda peýda bolaly bäri, 60 ýyldan gowrak wagt geçdi. Emma ol henizem güýmenjeler dünýäsi üçin iň meşhur we özboluşly keşpleriň biri bolmagynda galýar» – diýip, Prime Video we Amazon MGM Studios-yň ýolbaşçysy Maýk Hopkins aýtdy.

Ýatlatsak, Amazon 2022-nji ýylda MGM kinostudiýasyny ähli taslamalary bilen bilelikde satyn alypdy. Şonda kompaniýa «Jeýms Bonduň» ähli taslamalarynyň distribusiýa hukuklaryna eýe bolupdy. Indi bolsa franşizanyň döredijilik gözegçiligi hem kompaniýanyň elinde bolar.
Deniel Kreýg 007-niň keşbini bäşinji hem-de soňky gezek «Ölmegiň wagty däl» (Не время умирать) atly 25-nji «Jeýms Bond» filminde ýerine ýetirdi. Bu film 2021-nji ýylda prokata çykyp, 775 million dollar girdeji gazanypdy. Şondan bäri metbugatda gaty köp çaklamalar ýaýrady, emma nobatdaky filmleriň surata düşüriliş senesi ýa-da Kreýgiň ornuny tutjak aktýor barada hiç hili resmi maglumat berilmedi.


şu gün 12:24
329

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

şu gün 08:41
680

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.3k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....