Maserati täze «GranCabrio Modena» modelini hödürledi

  • 24.02.2025 07:49
  • 2.8k+

Maserati täze «GranCabrio Modena» modelini hödürledi. Ol 490 at güýjüni öndürýän hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryldy diýip, «autoevolution» neşiri habar berýär.

Italiýaly awtoulag öndürijisi Maserati kompaniýasy «GranCabrio» ulaglarynyň hataryny täze «Modena» wersiýasy  bilen giňeldýär. Täze wersiýa 3,0 litrlik goşa turboly V6 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Bu hereketlendiriji 490 at güýjüni öndürýär. Täze kabriolet doly hereketlendiriji ulgam bilen üpjün edilen we ol bary-ýogy 4 sekuntda 100 km/sag tizlige çykyp bilýär. Onuň iň ýokary tizligi bolsa 300 km/sag-e ýetýär.
Mundan öň «GranCabrio» hatarynda diňe iki görnüş bardy: biri 761 at güýji bolan doly elektrikli «Folgore» wersiýasy, beýlekisi bolsa 550 at güýji bolan «Trofeo» wersiýasy. Täze model bulara garanyňda has arzan, şeýle-de bolsa tizligi ýa-da kuwwaty boýunça olardan pes däl.
«Maserati GranCabrio Modena» modeliniň resmi bahasy häzirlikçe mälim edilmedi. Ýöne onuň bahasynyň «Trofeo» wersiýasyndan (292 müň 166 ýewro) arzan, emma doly elektrikli «Folgore» wersiýasyndan (208 müň 250 ýewro) has gymmat bolmagyna garaşylýar.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....