Di Kaprio we Dueýn Jonson bilelikde Skorsezäniň täze filmine gatnaşar

  • 23.02.2025 19:11
  • 4.8k+

Dueýn Jonson, Leonardo Di Kaprio we Emili Blant tanymal režissýor Martin Skorsezäniň täze filmine gatnaşyp biler. Filmiň ady heniz yglan edilmeýär diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Maglumatlara görä, sýužet 1960-1970-nji ýyllarda ýaýbaňlanyp, onda Gawaýiden jenaýat baştutany adalarda guramaçylykly jenaýatlaryň üstünden gözegçiligi öz eline almak isleýän bäsdeşlere garşy göreşmeli bolýar.

“Sýužet hökmürowanlyga rehimsiz ýykgyn etmek bilen, öz watanyny gorap saklamak ugrunda göreşen adamyň gürrüň berilmedik hakyky wakasyna esaslanýar. Medeni diri galmak ugrundaky göreşiň garaşylmadyk ýerde – jennetde bolup geçýändigini görkezýän mafiýa baradaky soňky beýik amerikan rowaýaty” – diýip, Deadline geljekki filmi suratlandyrýar.

Mafiýa başlygynyň roluny asly Gawaýiden bolan Jonson oýnap biler. Di Kaprio bilen Blantyň nähili rollary ýerine ýetirjekdigi belli däl. Aktýorlaryň üçüsi-de we Skorsezäniň özi hem prodýuser hökmünde çykyş eder.
Filmiň önümçiligi çalt depginde alnyp barylýar. Ähtimal, ýakyn wagtda taslama barada has giňişleýin maglumatlar peýda bolar diýip, neşir belleýär.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....