Hytaýly alymlar kosmosdan adamyň ýüzüni saýgaryp bilýän kamera döretdiler

  • 23.02.2025 09:58
  • 5.3k+

Hytaýly alymlar rekord derejede takyklykda surata düşürmäge ukyply lazer kamerany döretdiler. Täze kamera kosmosa ýerleşdirilende, pes orbitadan ownuk jisimleri, hatda adamlaryň ýüz keşplerini hem saýgarmaga mümkinçilik berer. Bu barada tehnologiýany işläp düzen alymlara salgylanyp, «South China Morning Post» (SCMP) neşiri habar berýär.

Taslama Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Aerokosmiki maglumat ylymlary institutynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlandy. Geçirilen synaglaryň dowamynda, enjam 100 km-den hem uzak aralykdan «millimetr takyklykda» birnäçe surat düşürdi. Mundan ozal, şeýle takyklykda surata düşürmek «mümkin däl» diýlip hasap edilýärdi.
Kameranyň esasy bölegi 103 Wt kuwwatly lazerden ybarat. Ol giň diapazonda işleýär. Enjam maglumatlary sanly görnüşde we häzirki wagt tertibinde işläp bilýär. Täze tehnologiýa 1,7 mm ululykdaky ownuk jikme-jiklikleri hem tapawutlandyryp bilýär. Şeýle-de obýektlere çenli aralygy 15,6 mm takyklykda ölçemäge ukyply. Kameranyň takyklyk derejesi häzirki zaman linzaly kameralardan we teleskoplardan takmynan 100 esse ýokarydyr.


şu gün 00:18
408

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....