Toyota kompaniýasy täzelenen C-HR ulagyny görkezdi

  • 22.02.2025 23:58
  • 6.3k+

Toyota özüniň ykjam krossoweri «C-HR-iň» täzeden enjamlaşdyrylan görnüşini – «High Hero» modelini hödürledi. Bu model öňki «Premiere Edition-yň» ornuna geçýär. Täze görnüş has kämilleşdirilen tehnologiýalary, üýtgeşik dizaýn aýratynlyklaryny we üç sany gibrid hereketlendiriji ulgamyny öz içine alýar diýip, «autoevolution» neşiri habar berýär.

Esasy üýtgeşmelere «Metal Oxide» atly täze kuzow reňki degişlidir. Ony iki reňkli görnüşler bilen utgaşdyryp bolýar. Awtoulagyň öňdäki radiator gözenegi we yzky bamperi kuzowyň reňkinde boýalan. 19 dýuýmlyk tigirlerde bolsa ýalpyldamaýan çal reňk ulanylan. Salonyna emeli deri we zamş materialy bilen örtülen, «Bordeaux Red» (goýy gyzyl) reňkde oturgyçlar ýerleşdirilen. Şeýle-de ulagda panoramaly üçek we 64 dürli reňk bilen sazlanýan içki yşyklandyryş ulgamy bar.
«High Hero» modeli üç görnüşdäki gibrid hereketlendiriji bilen hödürlenýär: 1,8 litrlik gibrid hereketlendiriji (140 a.g.), 2,0 litrlik Hybrid 200 we Plug-in Hybrid 220. Bu görnüşleriň ählisi «Toyota Safety Sense» atly iň täze howpsuzlyk ulgamy bilen üpjün edilýär.
Şeýle-de Toyota «C-HR GR Sport Premiere Edition» modelini hem täzeledi. Bu görnüşde 20 dýuýmlyk tigir diskleri, sport stilindäki oturgyçlar we kämilleşdirilen JBL ses ulgamy bar.
Täze görnüşleriň ählisi Ýewropada eýýäm satuwa çykdy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......