«Serwerlerimiz ereýänçä»: Ilon Maskyň «iň akylly emeli aňy» Grok 3 hemmeler üçin mugt boldy

  • 22.02.2025 16:59
  • 5.8k+

Ilon Maskyň «xAI» atly startapy şu hepde hödürlenen Grok 3 emeli aň modelini «dünýädäki iň akylly emeli aň» diýip atlandyrdy we indi onuň hemmeler üçin mugt elýeterlidigini habar berdi. Emma bu mümkinçilik diňe «serwerlerimiz ereýänçä» dowam eder diýip, «xAI» duýdurdy.

«Ine ol, dünýädäki iň akylly emeli aň – Grok 3, indi mugt elýeterli (serwerlerimiz ereýänçä). Grok 3-i şu wagt synap görüň» — diýip, «xAI» startapy X sosial torunda beýan etdi.

Täze emeli aň modeli pikirlenmek, matematiki meseleleri çözmek, kompýuter kodlaryny ýazmak, bilim we görkezmeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelerde bäsdeşlerinden has güýçli. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, Grok 3 birnäçe synagda ýokary netijeleri görkezdi. «Chatbot Arena» platformasynda bu model Elo reýtinginde 1402 bal toplady. Ol bu görkezijisi bilen OpenAI GPT-4o (1377 bal) we Google Gemini 2.0 (1385 bal) ýaly modelleri yzda galdyrdy.
Grok 3 iki sany güýçli funksiýa bilen hem üpjün edildi: «DeepSearch» we «Think». DeepSearch – bu maglumatlary çalt seljerip, gapma-garşylykly hakykatlar we jedelli çekişmeler barada pikirlenip, çylşyrymly ýagdaýlardan dogry netijeleri çykaryp bilýän güýçli akylly agentdir. Think bolsa – emeli aňy has kämilleşdirýän tehnologiýadyr. Bu funksiýanyň kömegi bilen Grok 3 meseleleri çözmek üçin öz strategiýalaryny kämilleşdirmegi, yzyna gaýdyp ýalňyşlaryny düzetmegi we çözgüt tapmak üçin dürli usullary synap görmegi öwrendi.

«Edil adam ýaly, ol hem çylşyrymly meseläni çözýän mahaly birnäçe sekuntdan birnäçe minuda çenli pikirlenip biler, köplenç dürli çemeleşmeleri gözden geçirer, öz çözgüdüni barlar we meseläniň talaplaryny takyk ýerine ýetirmegiň ýollaryny seljerer» — diýip, «xAI» bu funksiýa barada düşündiriş berdi.

Häzirki wagtda Grok 3 ykjam goşundy hökmünde, web wersiýasy arkaly hem-de X platformasynda elýeterli. Şeýle-de «xAI» ýakyn wagtda bu emeli aň modeline API arkaly hem girip boljakdygyny mälim etdi. Ulanyjylar hem standart Grok 3 modelini, hem-de DeepSearch arkaly kämilleşdirilen wersiýasyny täze API arkaly ulanyp bilerler.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......