«CenWatch» akylly sagatlary eliňi gaýmaladyp, beýleki enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berýär

  • 22.02.2025 11:45
  • 2.7k+

Gonkongly täze startap kompaniýasy täsin enjamyny hödürledi. Ol gündelik durmuşymyzy düýpgöter üýtgedip biljek CenWatch "akylly" sagadyny çykardy. Bu sagadyň içine LiDAR datçigi ýerleşdirilen. Ol eliň aşak tarapyny skanirläp, ulanyjynyň el hereketlerini tanap, şoňa görä buýruklary ýerine ýetirýär diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär.

Bu enjam arkaly sagadyň ekranyna galtaşman, howada eliňi hereket etdirip, tekst ýazyp, surat çekip, lentany süýşürip bolýar. Bu enjam Android, iOS, Windows, Linux we macOS ulgamlaryndaky islendik enjama baglanyşyp bilýär. Mundan başga-da akylly öý ulgamlaryny, telewizorlary hem-de VR-äýnekleri dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Sagadyň esasy maksady – ulanyjynyň ähli interaktiw işlerini has ýeňilleşdirmek. IFTTT goldawy bilen, ol islendik akylly öý enjamlaryny dolandyryp bilýär. Mysal üçin, siz diňe eliňizi gaýmaladyp ses kolonkalary, akylly perdeleri ýa-da robot tozan sorujylary işledip ýa-da öçürip bilersiňiz.

VR enjamlarynda hem bu sagat adaty kontrollerleriň ýerine geçip bilýär. Indi VR oýunlaryny oýnamak ýa-da wirtual dünýäde hereket etmek üçin goşmaça enjam gerek däl – diňe eliňizi hereket etdirmek ýeterlik. Sagadyň iň täsin aýratynlyklarynyň biri bolsa – enjamlaryň arasynda el bilen çalt geçiş etmek mümkinçiligidir. Mysal üçin, siz telefonda lentany süýşürip durkaňyz, eliňizi kondisionere gönükdirip ony hem işledip bilersiňiz.
CenWatch-yň içine 8 ýadroly MT6789 prosessory ýerleşdirilen. Bu prosessor belki-de, akylly sagatlarda ulanylan iň güýçli çip bolup biler. Ol diňe bir sagadyň öz işini däl, eýsem başga enjamlaryň ýüküni hem öz üstüne alyp bilýär. Şonuň üçin ol uly göwrümli programmalary hem aňsatlyk bilen işledip bilýär.
Sagadyň ekrany hem ýokary hilli – 368×448 piksel durulykda AMOLED ekran bilen enjamlaşdyrylan. Batareýanyň göwrümi 1700 mAh, bu bolsa enjamyň 10 sagada çenli üznüksiz işläp biljekdigini aňladýar.
CenWatch bir gezek baglanan ähli enjamlary ýatda saklaýar. Ulanyjy şol enjama ýakynlaşanda, diňe elini ýokary götermek bilen enjama awtomatiki baglanyp bilýär. Zerur amallary ýerine ýetirip, eliňizi aşak düşüreniňizden  soň baglanyşyk awtomatiki kesilýär.
Mundan başga-da Bluetooth arkaly 90 metre çenli aralykda baglanyşygy saklap bolýar. El hereketleriniň takyklygy bolsa örän ýokary – bary-ýogy 1 mm derejesinde.
Häzirki wagtda CenWatch akylly sagady «Kickstarter» platformasynda köpçülikleýin maliýeleşdiriş arkaly satylýar. Ony 299 dollara öňünden sargyt edip bolýar. Ilkinji sargytlaryň 2025-nji ýylyň iýun aýynda gowşurylmagyna garaşylýar. Bölekleýin satuwdaky bahasy bolsa 499 dollar bolar.
Sagadyň üç sany reňk warianty bar: «gara», «süýt reňk», «asman gök». Bu reňkleriň hiç biri sagadyň bahasyna täsir etmeýär.


düýn 23:04
1.2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
2.7k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.8k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......