Müsürde arheologlar faraon Tutmos II-niň jaýlanan ýerini tapdylar

  • 22.02.2025 06:41
  • 4.5k+

Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi 18-nji fewralda möhüm bir açyşyň edilendigini habar berdi. Britaniýaly we müsürli arheologlar Fiwan nekropolynda faraon Tutmos II-niň mazaryny tapdylar. Tutmos II, takmynan, 3500 ýyl mundan ozal Müsürde hökümdarlyk eden patyşa bolupdyr. Şular ýaly derejedäki möhüm açyş, ozal 1922-nji ýylda Tutanhomonyň mazary tapylanda bolupdy.

Mazaryň esasy geçelgesiniň girişi Luksoryň (gadymy Fiwanyň) golaýynda 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda ýüze çykarylypdy. Ilkibaşda-da alymlar bu mazaryň XVIII nesilşalykdan patyşa maşgalasynyň bir agzasyna degişli bolup biljekdigini çaklapdylar. Sebäbi bu mazar faraon Tutmos II-niň aýaly we öweý aýal dogany bolan şa zenan Hatşepsutyň mazarynyň hem-de ogly Tutmos III-niň aýallarynyň mazarlarynyň ýanynda ýerleşýärdi. Mazaryň içinden tapylan alebastr küýzeleriň böleklerinde Tutmos II bilen Hatşepsutyň atlarynyň ýazylgy bolmagy, onuň hakyky eýesiniň kimdigini anyklamaga mümkinçilik berdi.
Arheologlar mazaryň içinde faraonyň jaýlanyş däp-dessury bilen baglanyşykly mebelleriň böleklerini hem tapdylar. Bu bolsa örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Mundan başga-da mazaryň içki diwarlarynyň suwaglanan ýerlerinde gök reňkde ýazylan ýazgylar we Gadymy Müsür patyşalarynyň mazarlary bilen baglanyşykly «Am-Duat kitabyndan» käbir wakalary görkezýän şekiller hem bardy.

Alymlaryň çaklamagyna görä, jaýlanyşdan gysga wagt soň mazary suw basypdyr. Şonuň netijesinde onuň içindäki zatlar göçürilipdir. Faraon Tutmos II-niň mumiýasy ozal 1881-nji ýylda Deýr-el-Bahri atly gizlin mazarlykda tapylypdy. Ol ýerde başga faraonlaryň – Tutmos III, Seti I, Ramses II we Ramses III-niň mumiýalary hem bardy. Tutmos II-niň asyl jaýlanan ýeri häzirki wagtda hem näbelli bolup galýar diýip, N+1 neşiri ýazýar.
Faraon Tutmos II-niň hökümdarlyk eden döwri barada taryhçylaryň elinde kän bir maglumat ýok. Hatda alymlar onuň näçe ýyllap hökümdarlyk edendigini hem anyk bilmeýärler. Käbirleri onuň bary-ýogy 3-4 ýyl tagtda oturandygyny aýtsa, beýlekiler onuň 14 ýyldan hem köp ýurdy dolandyrandygy aýdýar. Arheologik ekspedisiýanyň britan böleginiň ýolbaşçysy, Täze Patyşalyk döwrüni öwreniş gaznasynyň ylmy barlaglar boýunça müdiri Pirs Literlandyň sözlerine görä, täze tapylan mazar faraonyň hökümdarlyk eden döwrüne degişli düşnüksiz meseleleri doly çözüp bilenok.

«Ýöne bu [mazar] bize ony jaýlanyň ogly, bäbek Tutmos III-niň däl-de, Hatşepsut bolandygyny görkezýär. [Şol wagtlar] Patyşalar özlerinden öňki hökümdarlary jaýlamaga borçludylar.» — diýip, Literland aýtdy.


düýn 23:12
884

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.7k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.8k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......