Altynyň bahasy ýylyň başyndan bäri 10-njy gezek rekord derejede gymmatlady

  • 21.02.2025 12:29
  • 10k+

20-nji fewralda altyn üçin birža bahalary bir unsiýa üçin 2970 dollardan geçip, rekordy täzeledi. Bu Çikagonyň söwda biržasynyň maglumatlaryndan gelip çykýar. Iň ýokary derejesinde fýuçersleriň bahasy 2973,4 dollara ýetdi.

Altyn üçin bahalar ýylyň başyndan bäri eýýäm onunjy gezek rekordy täzeleýär diýip, Reuters belleýär. Öňki rekord 11-nji fewralda goýlupdy. Ýylyň başyndan bäri bu metal 12% gymmatlady.
Agentlik bahalaryň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň salgyt girizip bilmek ähtimallygynyň netijesinde ýokarlanýandygyny belleýär.
Citigroup analitikleri fewral aýynyň başynda altynyň bahasynyň geljek üç aýyň dowamynda bir unsiýa üçin rekord 3000 dollara ýetip biljekdigini çaklady. Şeýle-de, olar 2025-nji ýylda altynyň ortaça bahasy baradaky çaklamalaryny 100 dollar, bir unsiýa üçin 2900 dollara çenli ýokarlandyrdy.
Bütindünýä altyn geňeşiniň (World Gold Council) hasaplamalaryna görä, dünýäde altyna bolan isleg rekord derejä ýetdi, ol ýylyň dowamynda 1% ýokarlanyp, 4974 tonna ýetdi. Şeýle-de, 2024-nji ýylda altynyň bahasy 40 gezek rekordy täzeledi, bir ýylda altynyň bahasy 27% ýokarlandy. Analitikler gymmat bahaly metala şeýle ýokary islegi merkezi banklar tarapyndan durnukly satyn alyş we maýa goýum isleginiň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýar.

düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 23:57
1.3k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......