2025-nji ýylda Panama kanalynyň girdejisi 5 mlrd dollardan geçip biler

  • düýn 08:24
  • 6.4k+

Şu ýyl Panama kanalynyň girdejisi dowamly gurakçylykdan soň hereket ýygjamlygynyň dikelmegi netijesinde 5 mlrd ABŞ dollaryndan geçip biler. Bu barada RIA Nowosti bilen söhbetdeşlikde kanalyň operasion wise-prezidenti Boris Moreno aýtdy.

“Geçen ýyl biz 5 mlrd dollardan birneme az gazandyk. Şu ýyl onuň birneme köp bolmagy meýilleşdirilýär, sebäbi biz köllerde suwuň ýetmezçilik etmeginden saplandyk. Şu ýyl kölleriň suwy bol we bu bize ulanylyş kuwwatynyň ýeterlik derejesinde ähli gämileri geçirmäge mümkinçilik berer, biz şu ýyl girdejiniň 5 mlrd dollardan gowrak bolmagyna garaşýarys” – diýip, Moreno belledi.

Onuň aýtmagyna görä, kanal arkaly esasy hereket ABŞ-nyň (75%), Hytaýyň, Günorta Koreýanyň we Çiliniň paýyna düşýär. Şol bir wagtyň özünde milli flot bu akyma gatnaşmaýar diýen ýaly, konteýner gatnadyjy gämileriň aglabasy dürli kompaniýalara degişlidir.
Belläp geçsek, 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda tamamlanan maliýe ýylynda Panama kanaly boýunça tranzit gämileriniň sany 2023-nji ýylyň degişli döwründäki 12 638 tranzit gämisi bilen deňeşdirilende, 29% azaldy. Bu nawigasiýany çäklendiren dowamly gurak möwsüm we güýçli gurakçylyk bilen baglanyşykly boldy. 


10.05.2024 21:12
5k+

Hose Raul Mulino Panamanyň Prezidenti wezipesine girişdi

Hose Raul Mulino Panamanyň Prezidentiniň şahadatnamasy gowşuryldy. Syýasatçy 5-nji maýda geçirilen prezident saýlawlarynda 34,23% ses alyp, ýeňiş gazandy diýip, La Prensa gazetine salgylanýan TASS ýazýar. Ýakyn...

15.03.2024 09:30
2.2k+

Aşgabatda Panamanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

14-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Panamanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rolando Enrike Barrow Noaddan ynanç hatlarynyň nusgalaryny...

19.01.2024 21:22
14k+

Panama kanalynyň geçirijilik kuwwaty üçden bir esse azaldy. Ýitgiler 700 million dollara ýetip biler

Gurakçylyk bilen bagly suwuň derejesiniň peselmegi sebäpli Panama kanalynyň ýolbaşçylygy her gün geçýän gämileriň sanyny üçden bir esse azaltmaga mejbur boldy. Bu barada kanalyň ýolbaşçylygynyň başlygy Rikaurte...

10.10.2021 16:04
5.7k+

Panama kanaly geçiriş ukyby boýunça rekordy täzeledi

Panama kanaly bir maliýe ýylynda geçirilen ýükleriň agramy boýunça täze rekord goýdy. Bu barada Prensa Latina agentligi habar berýär diýip, TASS belleýär. Onuň maglumatlary boýunça, 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndan...