Aşgabatda Panamanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 15.03.2024 09:30
  • 2.4k+

14-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Panamanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rolando Enrike Barrow Noaddan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi we türkmen tarapynyň ilçiniň diplomatik işini alyp barmakda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine seljerme berildi.
Diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösmeginiň zerurdygyny bellediler.
Ulag we logistika, himiýa senagaty, senagat, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak pudaklary hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmek we dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm orna eýe bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň meselelerine hem seretdiler.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......