Hose Raul Mulino Panamanyň Prezidenti wezipesine girişdi

  • 10.05.2024 21:12
  • 5.3k+

Hose Raul Mulino Panamanyň Prezidentiniň şahadatnamasy gowşuryldy. Syýasatçy 5-nji maýda geçirilen prezident saýlawlarynda 34,23% ses alyp, ýeňiş gazandy diýip, La Prensa gazetine salgylanýan TASS ýazýar.

Ýakyn günlerde Mulino täze Ministrler Kabinetini döreder.
Mulino ozal Daşary işler, Jemgyýetçilik howpsuzlygy we Adalat ministrliklerine ýolbaşçylyk edip, uly iş tejribesine eýedir.
Saýlaw kampaniýasynyň öňýany ol işsizlik we jenaýatçylyk bilen bagly meseleleri çözmegi, suw üpjünçiligini we jemgyýetçilik ulaglaryny gowulandyrmagy, şol sanda Panamanyň paýtagtynda metro ulgamyny giňeltmegi wada berdi.
Türkmenistanyň 2015-nji ýylda Panama bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýandygyny bellemelidiris. Ýakynda Respublikanyň täze ilçisi Rolando Enrike Barrow Noada biziň ýurdumyza akkreditasiýa edildi. Diplomatik wekilligiň rezidensiýasy Moskwada ýerleşýär.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......