Apple öz ilkinji 5G-modemini çykardy: ol ilkinji gezek iPhone 16e-de ornaşdyryldy

  • 21.02.2025 18:27
  • 1.9k+

Apple öz tehnologiýalarynyň ösüşi babatda möhüm ädim ätdi. Uzak ýyllaryň dowamynda amala aşyran işleriniň netijesinde, kompaniýa ilkinji 5G-modemini döretdi. Ol «C1» diýlip atlandyryldy. Täze modem ykjam enjamlar üçin niýetlenip, ol häzirki wagtda iPhone modelleriniň hemmesinde diýen ýaly ulanylýan Qualcomm modemleriň ornuny tutar.

C1 ornaşdyrylan ilkinji enjam iPhone 16e boldy. Bu täze we arzan bahaly model iPhone SE seriýasynyň ornuny tutar.

«Apple kompaniýasy C1 bilen kremniýniň mümkinçiliklerini giňeldýär. C1 dolulygyna Apple tarapyndan işlenip taýýarlanan ilkinji modemdir. Ol iPhone modellerinde häzirki wagta çenli ulanylan iň energiýa tygşytlaýjy modemdir. Ol 5G torlaryna çalt we durnukly birikmegi üpjün edýär. Apple çipleri, şol sanda C1 modemi, düýbünden täze içki dizaýna eýedir. Ol iOS 18 operasion ulgamynyň ösen energiýa dolandyryşynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýar we enjamyň işleýiş wagtyny ajaýyp derejede uzaldýar» — diýip, Apple resmi beýannamasynda belläp geçdi.

Apple-yň öz modemlerine geçmeginiň esasy sebäpleriniň biri - Qualcomm kompaniýasyna tölenýän ygtyýarnama töleglerini azaltmak bolup biler. Beýleki bir sebäbi bolsa, C1-iň energiýa tygşytlaýjy aýratynlygydyr.
9to5Mac portalynyň ýazmagyna görä, Apple öňki nesil iPhone modellerinde hem Intel, hem Qualcomm modemlerini ulanýardy. Ulanyjylar Qualcomm modemlerini has gowy gördüler. Şondan soň Intel öz modem bölümçesini Apple-a satdy.
Modem öndürmek Apple üçin täze bir ugur hasaplanýar. Şol sebäpden C1 ilkinji bolup arzan bahaly iPhone 16e modellerinde synagdan geçirilýär. Flagman modelleri bolan iPhone 16 we iPhone 16 Pro-da häzirlikçe Qualcomm modemleri ulanylýar.

 

 


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...