Apple iPhone 16e-ni tanyşdyrdy: ol A18 çibi we iň täze 5G modemi bilen enjamlaşdyryldy

  • 20.02.2025 00:48
  • 6.6k+

Apple täze iPhone 16e-ni resmi taýdan tanyşdyrdy. Täze elýeterli smartfon gymmat modellerde bar bolan öňdebaryjy tehnologiýalary we Apple Intelligence-iň akylly emeli aň (EA) mümkinçiliklerini hem öz içine alýar.

iPhone 16e smartfony Apple tarapyndan ilkinji gezek işlenip düzülen C1 atly öýjükli modem bilen enjamlaşdyryldy. Kompaniýa täze modemiň häzirki wagta çenli iPhone-lar üçin döredilen iň energiýa tygşytlaýjy modemdigini aýdýar. Ol çalt we durnukly 5G aragatnaşygyny üpjün edýär.
Elbetde, bularyň ählisi enjamyň bahasyna-da täsir etdi. Iň elýeterli iPhone öňküsinden has gymmat boldy.


Elýeterli-de bolsa, bu enjam iň täze modellerde – ýagny iPhone 16-da ulanylan A18 çibi bilen enjamlaşdyryldy. Bu prosessor öňki A13 Bionic-den 80% çalt işleýär, şeýle hem EA agentleriniň ulanylmagyny has ýeňilleşdirýär.

Akylly EA funksiýalary suratlar bilen işleşmegi has ýeňilleşdirýär – «Clean Up» guraly suratlardan gereksiz obýektleri aýyrmaga ýardam berýär, «Suratlar» (Фото) programmasynda tebigy dil arkaly gözleg geçirmek gerekli suratlary tiz tapmaga mümkinçilik berýär. «Image Playground», «Genmoji» we «Writing Tools» degişlilikde suratlary we täze emojileri döretmäge hem-de tekstleri redaktirlemäge ýardam berýär. Şeýle-de ChatGPT integrasiýasy islendik maglumata çalt elýeterlilik döredýär.

iPhone SE modellerinde bar bolan «Baş sahypa» (Домой) düwmesi täze iPhone 16e-den aýryldy. Muňa derek, oňa 16-njy hataryň gymmat modellerinde bolan «Hereket düwmesi» (Кнопку действия) ýerleşdirildi. Bu düwme fiziki ses sazlaýjy düwmäniň ornuny tutýar we onuň funksiýalaryny ýerine ýetirýär. Mundan başga-da ony çyrany ýakmak, diktofony, terjimeçi programmany ýa-da başga bir programmany açmak üçin sazlap bolýar.
iPhone 16e USB-C porty bilen hödürlenýär – öňki iPhone SE modellerinde Lightning porty ulanylýardy. Emma MagSafe simsiz zarýad beriş mümkinçiligi goldanmaýar.
Enjam ýalpyldamaýan iki reňkde hödürlenýär – gara we ak.

iPhone 16e-niň esasy aýratynlyklary:

  • Ekran: 2532×1170 piksel durulykdaky, 6,1 dýuýmlyk OLED ekran, 60 Gz täzeleniş ýygylygy, 800 kd/m2 adaty ýagtylyk, 1200 kd/m2 iň ýokary ýagtylyk
  • Çipset: Apple A18, AAA oýunlaryny goldaýar, güýçlendirilen neýron hereketlendirijisi bilen üpjün edilen
  • Kamera: Esasy kamera – 48 MP, 2 esse optiki zum, 4K 60 FPS wideo ýazga almak ukyby; Öňdäki kamera – 12 MP, 4K 60 FPS wideo ýazga almak ukyby
  • Bahasy: 128 GB – $599, 256 GB – $699, 512 GB – $899

Deslapky sargytlar 21-nji fewralda açylar we iPhone 16e 28-nji fewralda satuwa çykarylar.


09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.9k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...