“Real”, “PSŽ”, Dortmundyň “Borussiýasy” we “PSW” Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdy

  • 20.02.2025 11:38
  • 10k+

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň esasy duşuşygynda Madridiň “Realy” “Mançester Sitiden” üstün çykdy. Madrid şäherindäki “Santýago Bernabeu” stadionynda geçirilen toparlaryň arasyndaky jogap oýny 3:1 hasabynda tamamlandy. Angliýadaky ilkinji duşuşyk hem madridlileriň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlanypdy.

Topar üçin üç goluň ählisini Killian Mbappe geçirdi. Ol Madrid kluby üçin ikinji het-trigini amala aşyrmak bilen, Ispaniýa gelenden soň özüniň iň gowy oýnuny görkezen bolsa gerek.
Hosep Gwardiolanyň toparyna diňe esasy wagta goşulan minutlarda uly ýeňlişden sypmak başartdy. Ahyrky 3:1 hasaby-da uly ýeňiş diýip atlandyryp bolmaz, ýöne barybir “ManSiti” ýeňliş duýgusyndan gaçyp bilmedi.
“Real” bilen bilelikde 1/8 finala Dortmundyň “Borussiýasy”, “PSŽ” we “PSW” hem çykdy.
Fransiýanyň “PSŽ” kluby geçen hepde myhmançylykda “Bresti” 3:0 hasabynda utandan soň, bu gezek öýünde ýedi jogapsyz gol bilen ony derbi-dagyn etdi. Ýedi goluň ählisi-de dürli oýunçy tarapyndan salyndy. Ýagny, gollary öz hasabyna Bredli Barkol, Hwiçi Kwarasheliýa, Witinýa, Dezire Due, Nunu Mendeş, Gonsalu Ramuş we Senni Meýulýu ýazdy. Iki duşuşygyň jemi boýunça umumy hasap – 10:0.
Dortmundyň “Borussiýasy” hem indiki tapgyra kynçylyksyz geçdi. Ol “Sportingi” birinji oýunda 3:0 hasabynda utdy. Jogap oýny deňme-deňlikde gutardy – 0:0.
Eýndhowenden “PSW” bilen Turiniň “Ýuwentusynyň” duşuşygynda welin, ýiti göreş gitdi. Myhmançylykda 1:2 hasabynda utulan niderlandly topar ikinji ýarymyň başynda Iwan Perişiçiň takyk urgusy bilen hasaby açdy. Timoti Wea tiz wagtdan hasaby deňledi, ýöne “Ýuwentusa” hasaby saklamak başartmady: Ismael Salibari “PSW-ni” öňe çykardy. Oýun goşmaça wagtda dowam etdi we netijede “PSW” Raýan Flamingonyň goly bilen ýeňiş gazandy. “Ýuwentus” bu tapgyrda ýaryşy terk eden üçünji italýan topary boldy.
Şeýlelikde, Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy. Indiki tapgyrda pleý-off oýunlarynyň ýeňijilerine umumy tapgyryň ilkinji sekiz topary goşular: “Liwerpul”, “Barselona”, Londonyň “Arsenaly”, Milanyň “Interi”, Madridiň “Atletikosy”, Lewerkuzeniň “Baýeri”, “Lill” we Birmingemiň “Aston Willasy”.
Anna güni, 21-nji fewralda bije çekişigi geçirilip, finala çenli ýaryşyň tertibi kesgitlener. Çempionlar ligasynyň oýunlary bolsa 4-nji martda başlar.


şu gün 19:10
2.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
5.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
5.2k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.4k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....