Günorta Koreýa bäsdeşlikden galmazlyk üçin 10 müň sany emeli aň tizleşdirijisini satyn alýar

  • 19.02.2025 23:36
  • 2.9k+

Günorta Koreýa milli hasaplaýyş merkeziniň işi üçin 10 müň sany hasaplama tizleşdirijisini (GPU) satyn almak isleýär. Merkez emeli aň pudagynda meseleleri çözmegiň üstünde işlär. Bu barada Respublikanyň Prezidenti Çhwe San Moka salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär.

“EA pudagynda agalyk etmek üçin bäsdeşligiň güýçlenmegi bilen, bäsdeşlik landşafty kompaniýalaryň arasyndaky gapma-garşylykdan milli innowasiýa ekoulgamlarynyň arasyndaky doly bäsdeşlige geçýär” – diýip, Prezident aýtdy.

Ol GPU-ny şu ýylyň sentýabr aýyna çenli hususy-döwlet hyzmatdaşlygynyň çäklerinde satyn almagyň meýilleşdirilýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Reuters maglumat tehnologiýalary pudagynda bäsdeşligiň kompaniýalaryň däl-de, barha ýurtlaryň arasyndaky bäsdeşlige öwrülýändigini belleýär. Mundan öň EA bilen baglanyşykly taslamalara milliardlarça dollarlyk maýa goýumlar barada ABŞ we Fransiýa habar berdi.
Tizleşdiriji bilen üpjün etjek takyk kompaniýa heniz yglan edilmese-de, ähtimal, bu dünýäniň GPU bazarynyň, takmynan, 80%-ini eýeleýän Nvidia kompaniýasynyň önümleri bolup biler. Günorta Koreýanyň ABŞ-dan ösen hasaplaýyş tizleşdirijilerini çäklendirmesiz satyn almaga mümkinçiligi bar, bu hem ýurda bäsdeşlik artykmaçlygyny berýär. 


27.05.2026 21:27
2.5k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....

27.05.2026 21:22
2.3k+

Samsung-yň paýnamalary, kärdeşler arkalaşygy aýlyk haklary baradaky ylalaşygy makullandan soň, gymmatlady

Samsung Electronics-iň kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň köpüsi çarşenbe güni aýlyk haky hakyndaky deslapky ylalaşygy goldap ses berdiler, bu bolsa global çip üpjünçiligine we Günorta Koreýanyň......

18.04.2026 15:10
3.5k+

Hyundai dünýäde ilkinji bolup ammiak bilen işleýän gämini gurdy

Günorta Koreýanyň HD Hyundai Heavy Industries kompaniýasy doly ammiak ýangyjy bilen işleýän dünýädäki ilkinji gämini hödürledi. Bu taslama deňiz arkaly ýük daşamalarynda ekologiýa zyýan bermeýän täze döwrüň......

16.04.2026 14:51
1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdi

15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni kabul etdi....