Kia kompaniýasy Tasman modeli bilen pikap bazaryna girýär

  • 19.02.2025 16:11
  • 8k+

Kia kompaniýasy «IDEX 2025» sergisinde ilkinji pikap ulagy bolan Tasman-y resmi taýdan tanyşdyrdy. Mundan öň sedanlary we krossowerleri bilen tanalýan brend indi model hataryny giňeldýär diýip, «32Cars.ru» habar berýär.

Kia Mohave ulagyndan ylham alnyp işlenip düzülen Tasman, kyn şertlerde sürmek üçin niýetlenendir. Ol hem işde ulanmaga, hem-de dynç alyş üçin amatlydyr. Pikabyň dizaýny batyrgaý, şol bir wagtda hem, ýönekeý. Giň radiator gözenekli ulag dokuz dürli reňkde hödürlenýär.
Tasman-yň salony ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilen. Ulag 12,3 dýuýmlyk ekran we Harman Kardon ses ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Apple CarPlay we Android Auto ulgamlaryny goldaýar. Şeýle-de rahatlyk üçin eplenýän konsollar we gizlin saklaýyş bölümleri bar.
Tasman üç görnüşde hödürlener: standart double cab, şeýle-de ýolsuz ýerler üçin niýetlenen X-Line we X-Pro. Pikabyň satylýan ýerine baglylykda dürli hereketlendirijiler we dört dürli ýük platformasy konfigurasiýasy elýeterli bolar.
Kia Tasman-yň satuwyna 2025-nji ýylyň başynda Günorta Koreýada başlanar. Ondan soň pikap Awstraliýanyň, Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykarylar.


09.05.2026 12:43
3.5k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....