Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Güneş» žurnaly bilen bilelikde bäsleşik yglan etdi

  • 19.02.2025 15:39
  • 3.7k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde, 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Külli ynsan hakyna belent maksat tutany — Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!» atly şygyr we makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugynda habar berdiler.

Bäsleşige awtoryň öň hiç ýerde çap edilmedik 1 şygry ýa-da makalasy hödürlenip bilner.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän awtor baradaky maglumatlar makalanyň ahyrynda doly görkezilmeli.
Hödürlenilýän şygyr ýa-da makala awtoryň okuw mekdebiniň salgysyndan ýa-da şahsy elektron salgysyndan «Güneş» žurnalynyň (gunesh_tm@sanly.tm) ýa-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (turkmenuniwersitetitdu@gmail.com) elektron salgysyna iberilmeli.
Materiallar 2025-nji ýylyň 17-nji fewralyndan 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul edilýär.
Bäsleşigiň netijeleri baradaky maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi web saýtynda (tdu.edu.tm) ýerleşdirilýär.
Şygyr we makala bäsleşiginiň jemi boýunça Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär.
Ýeňijiler 2025-nji ýylyň maý aýynyň birinji ongünlüginde yglan edilip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň Hormat hatlary hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan sowgatlar bilen sylaglanylýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 38-61-70.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......