Türkmen mugallymlary DARYA SCAFFOLD bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

  • 19.02.2025 15:29
  • 2.7k+

Türkmen mugallymlary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gatnaşmagynda Ýewropa Bileleşiginiň sebitleýin taslamasy bolan DARYA (Dialogue and Action for Resourceful Youth in Central Asia – Merkezi Aziýada ukyp-başarnykly ýaşlar üçin dialog we hereketler) taslamasynyň çäklerinde geçirilýän DARYA SCAFFOLD bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bäsleşige garaşsyz mugallymlar we usulyýetçiler, bir edarada işleýän (2-4 adam) mugallymlaryň topary, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynda orta, hünär okuwy ýa-da uly ýaşly bilim ulgamynda iş alyp barýan gyzyklanma bildirýän ähli mugallymlar gatnaşyp bilerler.
Taslama 2022–2027-nji ýyllar üçin niýetlenendir we Merkezi Aziýanyň hyzmatdaş ýurtlarynda – Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda bilimi, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini goldamaga hem-de inklýuziw başarnyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Bäsleşik mugallymlara resmi, resmi däl we taýýarlyksyz ýüz ugra okatmakda innowasion okuw sapaklaryny we maksatnamalaryny işläp düzmek üçin SCAFFOLD gurallaryny ulanmaga itergi bermäge ýardam berer.
SCAFFOLD 102 sany kartoçkadan ybarat bolan toplum bolup, mugallymlara okuw işini meýilleşdirmäge, okuw sapaklaryny işläp taýýarlamaga hem-de okuwyň netijelerine baha bermäge mümkinçilik berýär. Bu gural Ýewropa bilim gaznasy (ETF) we Ýewropa komissiýasynyň birleşen barlag merkezi (JRC) tarapyndan işlenilip düzüldi. SCAFFOLD-i islendik ders ulgamynda hem-de bilimiň islendik derejesinde ulanmak mümkin. 
Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgärler SCAFFOLD guraly bilen tanyşmalydyrlar, onuň ulanylmagy bilen okuw meýilnamasyny düzmelidirler, okuwçylar bilen okuwy synag etmelidirler hem-de olaryň aragatnaşyga çykmagyny gazanmalydyrlar. Soňra meýilnama we okuwçylaryň seslenmeleri ýerleşdirilen haýyşnamany ugratmak gerek. 
Haýyşnamalar şu ýylyň 15-nji martyna çenli kabul edilýär. Ony görkezilen salgy boýunça berip bolar. Netijeler 2025-nji ýylyň aprelinde yglan ediler.
Gatnaşjaklaryň haýyşnamalaryna Okuw meýilnamasynda SCAFFOLD-yň takyk ulanylmagy, hakyky durmuşda möhümligi, okuwçylaryň gyzyklanmagyna täsiri, mugallymlar üçin refleksiýa we maslahatlar, neşir etmäge taýýarlyk ýaly ugurlar boýunça baha berilýär.
Taýýarlanmak üçin mugallymlara aşakdakylar peýdaly bolup biler: teklipleri ýerleşdirilen SCAFFOLD-yň resmi saýty, bilermenler bilen onlaýn okuw sapaklar we maslahatlaşmalar, ýurtda SCAFFOLD-yň duşuşyklary, DARYA SCAFFOLD sosial torlardaky täzelikler.
Ýeňijiler okuw binalary (mekdep we orta bilim), hünär bilimi we okuwy (HBO), ulularyň bilimi diýen ugurlar boýunça kesgitleniler.
Gatnaşjaklaryň iň oňat işleri öňdebaryjy bilim tejribeleriniň ýygyndysyna giriziler we sebitiň mugallymlar jemgyýetçiliginiň arasynda ýaýradylar. Goşmaça maglumatlar bäsleşigiň saýtynda elýeterlidir.
Bäsleşige gatnaşmak mugallymlara halkara derejesinde ykrar edilmäni gazanmaga, Ýewropa bilim gaznasynyň (ETF) şahadatnamasyny, DARYA SCAFFOLD saýtynda ýeňijiniň keşbini, ETF DARYA neşirinde okuw meýilnamasynyň çap edilmegini almaga, şeýle hem ETF-iň halkara metbugat beýanatyna gatnaşmaga mümkinçilik berer.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......