Taryhda ilkinji gezek Mişlen ýyldyzyny wegan restorany aldy

  • 19.02.2025 15:15
  • 4.6k+

Plates London restorany Mişlen baýragynyň taryhynda ýyldyz alan ilkinji wegan restorany (haýwan etini iýmit hökmünde ulanmazlyk) boldy. Ýyldyz Mişlen gollanmasynyň 125 ýyllygy mynasybetli Glazgoda geçirilen dabarada gowşuryldy diýip, The Independent neşiri habar berýär.

Bu dabarada 22 sany täze restoran özüniň ilkinji Mişlen ýyldyzyny aldy: dokuz sanysy Londonda, üçüsi Irlandiýada we ikisi Şotlandiýada. Şeýle-de, Kardiff şäheri ilkinji ýyldyzyny aldy, bäş sany Ýaşyl ýyldyz bolsa durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarly bolan restoranlara berildi.
Plates-iň şef-aşpezi we ony esaslandyryjylaryň biri Kirk Hawort ilkinji gezek wegan berhizini 2016-njy ýylda özünde Laýma keseli ýüze çykarylandan soň öwrenip başlady. Ol klassyky tagamlary alyp, olary öz saglygynyň zerurlyklaryna görä “döredijilikli” laýyk getirdi.
Plates restoranynda et, balyk, glýuten, süýt önümleri we arassalanan şeker bolmadyk organiki menýu hödürlenýär.

“Trend” sözi – bu gelýän we gidýän zat, ýöne meniň edýän zadym we ony döretmek üçin ulanýan ýerim, trend däldir. Men bu has köp restoranlary miwelere we gök önümlere ünsi jemläp, olara döredijilikli çemeleşmäge ruhlandyrar diýip umyt edýärin” – diýip, Hawort The Independent neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Hawort üçin bir Mişlen ýyldyzy – bu “diňe başlangyjy”. Ol restoran üçin iň ýokary baýrak bolan üç ýyldyzy almagy maksat edinýär.

düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....