Türkmen raýatlary üçin Koreýa Respublikasynda talyp hakly okuwlara arzalar kabul edilýär

  • 19.02.2025 11:55
  • 6.3k+

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2025-nji ýyl üçin Döwlet talyp hakly magistrlik maksatnamasyna arzalaryň kabul edilip başlandygyny habar berdi. Seçip alyş işleri Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Milli halkara bilim instituty (NIIED) tarapyndan amala aşyrylýar. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berilýär. 

Maksatnama bir ýylyň dowamynda koreý dilini öwrenmek boýunça okuwlary, soňra bolsa aşakdaky esasy okuw maksatnamasyny göz öňünde tutýar:

  • magistratura üçin - 2 ýyl;
  • doktorantura üçin - 3 ýyl.

Bäsleşik esasynda 6 dalaşgär saýlanar, olara 14-nji martdan soň habar ediler. Dalaşgärlere bildirilýän talaplar: 40 ýaşa çenli (1985-nji ýylyñ 1-nji sentýabryndan soň doglanlar) Türkmenistanyñ raýatlary arzalary tabşyryp biler:

  • magistrlik üçin - bakalawr derejesine eýe bolanlar ýa-da ony 2025-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli aljaklar;
  • doktorlyk üçin - magistr derejesine eýe bolanlar ýa-da ony 2025-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli aljaklar.

Resminamalary tabşyrmak möhleti: 2025-nji ýylyñ 7-nji martyna çenli. Arzalar hut ilçihananyñ özünde kabul edilýär. Dalaşgäriñ özüniň baryp bilmedik ýagdaýynda, resminamalary poçta arkaly ugratmak mümkinçiligi bar (arzalar elektron poçta arkaly kabul edilmeýär).
Goşmaça maglumatlary +99365857173 (09:00-dan 18:00-a çenli) telefon belgileri boýunça alyp bolýar.
Resminamalar bilen ilçihananyñ saýtynda tanşyp bolýar.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......