Emeli aň haýwanlaryň agyrysyny we kynçylygyny ýüz keşbinden anyklamagy öwrenýär

  • 19.02.2025 11:30
  • 2.5k+

Alymlar haýwanlaryň ýüz keşbinden olaryň stresini, agyrysyny ýa-da kynçylyk çekip-çekmeýändigini anyklamagy başarýan emeli aň (EA) ulgamlaryny işläp düzdüler. Olaryň pikirine görä, bu innowasiýa weterinar lukmançylygyny kämilleşdirer we haýwanlaryň rahatlygyny ýokarlandyrar. Bu ugurda şol bir wagtda birnäçe taslama işlenip düzülýär diýip, «TechCrunch» neşiri habar berýär.

Beýik Britaniýada «Intellipig» atly algoritm döredildi. Ol doňuzlaryň özüni oňaýsyz duýup-duýmaýandygyny kesgitläp bilýär. Algoritm doňuzlaryň suratlaryny seljerýär we agyry ýa-da näsaglyk baradaky alamatlary kesgitleýär. Eger bir mesele ýüze çyksa, çopanlara bildiriş iberilýär. Netijede, haýwanlara öz wagtynda ideg edilýär.
Ysraýylly alymlar itleriň duýgularyny seljermek üçin ýüz tanamak tehnologiýasyny üýtgedip uýgunlaşdyrdylar. Barlaglaryň netijelerine görä, itleriň ýüz hereketleriniň 38%-i adamlaryňka meňzeýär. Täze algoritmi kämilleşdirmek üçin, öň ýitirim bolan öý haýwanlaryny tapmak üçin ulanylan ulgamlardan peýdalanyldy.
Braziliýada EA atlaryň agyrysyny anyklamakda 88% takyklyk görkezdi. Alymlar bu tehnologiýany döretmek üçin atlaryň suratlaryny seljerdiler. Olar operasiýadan öň we soň düşürilen, şeýle-de agyryny gowşadýan derman kabul eden atlaryň şekillerini deňeşdirdiler. Netijede, EA göz, gulak we agyz bilen bagly agyrylary 88% takyklyk bilen kesgitlemegi başardy.


25.05.2026 16:09
1.2k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.5k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......