Londonyň merkezinde Rim imperiýasyna degişli gadymy bazilika tapyldy

  • 18.02.2025 20:05
  • 4.8k+

Londonda täze 32 gatly ofis binasynyň gurluşygyna taýýarlyk wagty arheologlar köpçülikleýin ýygnaklar we kazyýet diňlenişikleri üçin ulanylan ilkinji Rim bazilikasynyň galyndylaryny tapdy. Gazuw-agtaryş işleri biziň günlerimize çenli saklanyp galan binýatlary we diwarlary ýüze çykardy. Bu açyş barada Londonyň Arheologiýa muzeýiniň (MOLA) resmi saýtynda habar berilýär.

Bu bazilika, takmynan, b.e. 70-80-nji ýyllarynda gurlup, Rim forumynyň – administratiw we sosial merkez Londiniumyň bir bölegi bolupdyr.
Gazuw-agtaryş işleri ilkinji bazilikanyň keramiki plitalaryň, kremniniň we daşlaryň garyndysyndan gurlandygyny görkezdi. Käbir ýerlerde uzynlygy 10 metre çenli ýetýän diwarlar saklanyp galypdyr we olar, ähtimal, iki ýa-da üç gatly binany saklan bolsa gerek. Bu bazilika, takmynan, futbol meýdançasynyň ululygyndaky meýdany eýeläpdir.
Ýöne bazilika bary-ýogy ýigrimi ýyl ulanylyp, soňra has uly forum bilen çalşylypdyr.
Hünärmenleriň pikiriçe, tapylan galyndylar rimli kazylar tarapyndan hukuk meselelerini çözmek, syýasy liderler tarapyndan bolsa Rim şäheri Londiniumy dolandyrmak babatda çözgütleri kabul etmek üçin ulanylan bazilikanyň tribunaly bolsa gerek.
Gurluşyk meýdançasyna eýeçilik edýän we täze edarany gurmak üçin ygtyýarnamasy bolan Hertshten Properties kompaniýasy gadymy galyndylary binanyň taslamasyna goşmak we olary myhmanlar üçin jemgyýetçilik merkezinde görkezmek kararyna geldi.
Belläp geçsek, Londinium rimliler tarapyndan, takmynan, b.e. 43-nji ýylynda esaslandyrylypdyr. Ol II asyryň ahyryndan V asyra çenli Rim Britaniýasynyň söwda we häkimiýet merkezi bolupdyr. Londinium Temza derýasynda, häzirki Londonyň ýerleşýän ýerinde ýerleşipdir.


düýn 23:26
3.6k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

11.05.2026 15:25
1.5k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.5k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

04.05.2026 18:22
3.1k+

Gruziýada bugdaýyň 8000 ýyllyk yzlary tapyldy

Gruziýada geçirilen arheologik barlaglar mundan 8000 ýyl ozal ýaşap geçen adamlar tarapyndan ekilen bugdaý yzlaryny ýüze çykardy. Bu tapyndy dünýäde çöreklik bugdaýyň gelip çykyşy baradaky ylmy garaýyşlara......