Uber taksi hyzmaty Tesla robotaksi ulgamynda hyzmatdaş bolmagy teklip edýär

  • 18.02.2025 17:14
  • 4.6k+

Uber-iň baş direktory Dara Hosrowşahi Tesla robotaksi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi teklip edýär. Ol Ilon Maskyň kompaniýasynyň girdejisini artdyryp biljekdigine ynanýar, sebäbi Uber platformasyny ulanmak has köp müşderi jemlemäge mümkinçilik berer diýip, Business Insider habar berýär.

"Stratechery" portaly bilen geçirilen söhbetdeşlikde Hosrowşahi Teslanyň "adatdan daşary mümkinçiliklerine" garamazdan, ykdysadyýetiň kanunlarynyň hemmeler üçin deň derejede ulanylýandygyny aýtdy. Mümkin bolan hyzmatdaşlygy dürli eltip beriş hyzmatlary bilen işleşýän restoran işi bilen deňeşdirdi.
Hosrowşahi özüniň "özüne çekiji we ykdysady subutnamalary bilen" Masky hyzmatdaşlygyň bähbitlidigine ynandyrar diýip umyt edýär.
Uber eýýäm Waymo we Wayve bilen hyzmatdaşlyk edýär. Hosrowşahi ozal sürüjisiz awtoulag bazaryny “bir ýeňijili oýun” hasaplamaýandygyny we onuň bäsdeşlik ruhuna ynanýandygyny aýdypdy.
Şeýle-de bolsa, Tesla düzgünleşdiriji kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Karnegi-Mellon uniwersitetiniň professory Fil Kupman rulsuz awtoulag satmak üçin federal hökümetiň tassyknamasyny almagyň kyn iş boljakdygyny aýtdy. Mundan başga-da, Tesla robotaksi ulgamyny giňeltmek üçin her ştat derejesinde aýratynlykda rugsat almaly bolar.
Mask Teslanyň doly awtonom awtoulaglarynyň 2026-njy ýyla çenli peýda bolmagyna garaşýar, ýöne möhletiniň düzgünleşdirijiler bilen bagly faktorlara baglydygyny boýun alýar.


04.02.2026 15:29
8.5k+

Ilon Maskyň baýlygy 850 mlrd dollardan geçdi: Ol eýýäm şu ýyl dünýäde ilkinji trillioner bolup biler

Ilon Mask maliýe rekordlaryny täzeden ýazýar. Onuň umumy baýlygy 852 milliard dollara ýetdi we ol kapitaly 800 milliarddan aşan dünýädäki ilkinji ynsan boldy. Bu duýdansyz ösüş SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşmegi netijesinde ýüze çykdy...

31.01.2026 14:33
7.5k+

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär...

24.01.2026 09:42
1.3k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...

08.01.2026 21:04
4.7k+

Tesla Cybercab-y elden gidirdi: bu haryt nyşanyna içgi öndürýän kompaniýa dalaş edýär

Tesla kompaniýasy Cybercab haryt nyşanyny geljekki sürüjisiz taksisi üçin hasaba almak synanyşygynda kanuny kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. ABŞ-nyň Patent we haryt nyşanlary boýunça edarasy (USPTO) kompaniýanyň arzasyna seretmegini togtatdy...