“Titanigiň” ýyldyzy Keýt Uinslet ilkinji gezek film düşürer

  • 18.02.2025 07:57
  • 7.1k+

1997-nji ýyldaky “Titanik” filminiň baş gahrymanlarynyň biri Rozanyň keşbini ýerine ýetiren we “Daglar ýatyr aramyzda”  (Между нами горы), “Üýtgeşme ýoly” (Дорога перемен) hem “Isstaunly Meýr” (Мейр из Исттауна)  ýaly filmlerdäky rollary bilen tanalýan Keýt Uinslet ilkinji gezek režissýorlyk kürsüsini eýelär. Aktrisa “Netflix” üçin “Hoş gal, Jun” (Goodbye June) maşgala dramasyny surata düşürmegi meýilleşdirýär diýip, Variety habar berýär.

“Hoş gal, Jun” filminiň ssenarisini Uinsletiň ogly Jo Anders ýazdy. Ol düşünişmezligiň höküm sürýän iňlis maşgalasy we onuň agzalarynyň “garaşylmadyk hem kyn ýagdaýlar sebäpli birleşmegi” barada gürrüň berýär. Film hem gynançly, hem gülküli waka hökmünde häsiýetlendirilýär.
Režissýorlykdan we prodýuserlikden başga-da, Uinslet filmde baş keşbi ýerine ýetirer. Şeýle-de, filme Toni Kollett, Jonni Flinn, Andrea Raýzboro, Timoti Spoll we Helen Mirren gatnaşar.
Film şu ýylyň ahyrynda Beýik Britaniýada surata düşürilip başlanar. Onuň çykjak senesi heniz belli däl.


düýn 22:06
696

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......