Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Pan Gi Mun bilen duşuşdy

  • 17.02.2025 17:27
  • 8.2k+

17-nji fewralda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew Seulda Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) Assambleýasynyň Prezidenti we Geňeşiniň Başlygy, BMG-niň öňki Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda Pan Gi Mun Türkmenistany Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen gutlady we Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna yzygiderli ygrarlydygyna, sebit parahatçylygyna we ösüşine işjeň goldaw berýändigine, şeýle hem ynsanperwer daşary syýasata ygrarlydygyna ýokary baha berdi.
Ilçi B.Durdyýew Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we 2025-nji ýyldaky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurduň içinde hem-de halkara derejesinde meýilleşdirilen esasy çäreler barada gysgaça syn berdi. Hususan-da, ol şu ýylyň 11-12-nji dekabrynda meýilleşdirilen Halkara forumyny, şeýle hem Türkmenistanyň bu ýyl üçin iş Konsepsiýasynyň we ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde meýilleşdirilen çärelerini belläp geçdi.
Pan Gi Mun berlen maglumatlar üçin hoşallygyny bildirdi we 2025-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyçlaryna we çärelerine zerur bolan ýagdaýynda goldaw bermäge we goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşykda taraplar şeýle hem ýaşyl ösüş, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we tokaý massiwlerini durnukly dolandyrmak mehanizmlerini pugtalandyrmak babatda bilelikdäki tagallalar arkaly tejribe alyşmak ýoly bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerinde pikir alyşdylar.


düýn 22:17
1.5k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.5k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2.2k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....