Hytaý 5G-den ozup geçdi: Täze 5G-A ulgamy 10 GB faýly 10 sekuntda ýüklemäge mümkinçilik berýär

  • 17.02.2025 17:14
  • 5k+

Dünýä entek 5G-ni ýaňy özleşdirip başlan mahaly, Hytaý indiki ädimi ädip, eýýämden 5G-A (5.5G) ulgamlaryny ornaşdyrdy. Kämil tehnologiýa ajaýyp maglumat geçiriş tizligini hödürläp, 10 GB göwrümdäki faýly bary-ýogy 10 sekuntda ýükläp almaga mümkinçilik berýär diýip, «Mydrivers» neşiri ýazýar.

Bu tehnologiýa ilkinji gezek Gyşky Aziýa oýunlarynda ulanyldy. «China Unicom» aragatnaşyk operatory Harbinde «5G-A hereket meýilnamasyny» işe girizendigini mälim etdi. Operator şu ýyl 300-den gowrak şäherdäki esasy sebitlerde 5G-A hyzmatlaryny doly işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär.
Mundan öň hem beýleki iri operatorlar 5G-A ulgamyny ornaşdyrmaga başlapdy. «China Mobile» bu tehnologiýany 300-den gowrak şäherde işe girizdi, «China Telecom» bolsa Şanhaýda we Şençžende 5G-A üçin ýörite nyrhnamalary hödürledi.


düýn 23:52
1.3k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.7k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......