Ýapon awtobezeg ussahanasy Mazda MX-5-i klassiki Porsche-ä öwürýär

  • 17.02.2025 17:04
  • 6.8k+

«HeartBeat» atly ýapon týuning ussahanasy köne Mazda MX-5-i (birinji nesil Miata) düýbünden üýtgedip, ony klassiki Porsche-ä meňzetmegiň özboluşly usulyny hödürleýär diýip, «Carscoops» habar berýär.

Ýörite niýetlenen bodikit (týuning toplumy) ulagyň daşky keşbini düýpgöter üýtgedýän kuzow detallaryny we optiki elementleri öz içine alýar.
Týunerler Mazda-nyň yza çekilip çykýan (pop-up) original çyralarynyň ýerine, köne MINI ulaglardan alnan optikalary ulagyň täze ganatlarynyň içine ýerleşdirýärler. Şeýle-de, ulagyň kapotuna howa girelgeleri goşulýar. Kontrast reňk bilen hödürlenýän we howa girelgeleri bolan kapot ony Porsche ulaglara has-da meňzedýär.
Týuning toplumy diňe çyralar we kapot bilen çäklenmeýär. Teker arkalary giňeldilýär we olar ýörite poroglar bilen birleşdirilýär. Şeýle-de ulag üçin aýratyn diskler hödürlenýär. Ulagyň arka tarapyna uly antiwing (spoýler) ornaşdyrylýar, öň tarapynda bolsa täze bamper ulanylýar. Toplumdaky ähli kuzow detallary berkidilen we ýokary hilli plastmassadan ýasalýar.


19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
13k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....