Jeýms Uebb teleskopy ýaş ýyldyzyň töwereginde planetalaryň döreýşini surata aldy

  • 17.02.2025 14:42
  • 2.6k+

Kanadaly astronomlar Jeýms Uebb teleskopyny ulanyp, ilkinji gezek PDS 70 atly ýaş ýyldyzyň töwereginde emele gelýän planetalaryň jikme-jik suratyny aldy. Bu ýyldyzyň bizden uzaklygy 370 ýagtylyk ýylyna deň bolup, onuň planetalary heniz ösüşiň başlangyç döwründedir – olaryň ýaşy bary-ýogy 5 mln ýyl töweregi.

Wiktoriýa uniwersitetinden Dori Bleýkliniň ýolbaşçylygyndaky gözleg topary ýyldyzyň ýagtylygyny peseltmek we PDS 70 b we PDS 70 c atly iki planetany aýdyň görmek üçin, Jeýms Uebb teleskopynda NIRISS guralynyň ýörite režimini ulandy.
Bu planetalar ýyldyzy gurşap alýan gaz we tozan diskinde emele gelýär. Gözegçilik planetalaryň bu diskdäki maddalary işjeň özüne çekip, ululygyny artdyrýandygyny tassyklady.
Mundan başga-da, alymlar bu planetalaryň töwereginde hemralaryň emele gelmeginiň alamatlaryny ýüze çykardy. Artykmaç infragyzyl şöhlelenme planetanyň töwereginde ýylylyk maddasynyň bardygyny görkezýär, bu bolsa hemralaryň emele gelmek prosesini delillendirip biler.
Dori Bleýkli bu suraty irki ýyllarynda Gün ulgamynyň “maşgala suraty” bilen deňeşdirdi. Geljekde alymlar PDS 70 ulgamyny öwrenmegi dowam etdirip, ol ýerde heniz açylmadyk planetalaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak isleýär.


düýn 17:37
1.8k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......