MrBeast “Beast Games” şüweleňinde Ginnesiň 44 rekordyny goýdy. Bu rekordlar boýunça rekord bolmagy ahmal

  • 17.02.2025 14:32
  • 6.3k+

19-njy dekabrda Amazon Prime TV-de başlanan Beast Games şouwy Ginnesiň rekordlar kitabyndan 44 şahadatnama aldy. Taslama MrBeast hökmünde tanalýan YouTube blogeri Jimmi Donaldson tarapyndan döredildi.

Beast Games realiti-şoularyň taryhynda iň gymmady we iň göwrümlisi boldy.
Programma 1 000 adam gatnaşdy, baş baýrak bolsa 5 mln dollar boldy – bu üstünlikleriň hemmesi däl. 44 rekorddan ybarat sanawda şular hem bar: realiti-şou üçin goýlan iň köp pul ($100 mln), iň uly baýrak gaznasy ($10 mln), realiti-şouwyň bir möwsüminde iň köp gatnaşyjy (2 000 adam), realiti-şouwda ret edilen iň uly pul mukdary ($1 mln). Şeýle-de, surata düşüriş meýdançasynda bir wagtyň özünde ulanylan kameralaryň (1 107) we mikrofonlaryň (1 000) sany boýunça rekord goýuldy.
Mundan başga-da, bir surata düşüriş meýdançasynda ulanylan lýuklaryň (1 000) we olara bir wagtyň özünde gaçan adamlaryň sany (83 adam) boýunça-da goýlan geň rekordlar bar.
Rekordlaryň doly sanawy Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda ýerleşdirildi. 
Şou Las-Wegasda (ABŞ) we Torontoda (Kanada) surata düşürildi. Ilkinji 25 günde oňa 50 milliondan gowrak adam tomaşa etdi, bu hem Beast Games-i 2025-nji ýylda Amazon-yň Fallout serialyndan soň ikinji iň meşhur şouwyna öwürdi.


şu gün 09:29
1.5k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......