ArkEdge Space bilen TASA-nyň mini-hemrasy Ýeriň aýdyň suratlaryny düşürdi

  • 17.02.2025 14:14
  • 3.5k+

Ýaponiýanyň ArkEdge Space startapy ONGLAISAT mini-hemrasynyň 410 km belentlikden Ýeriň ýokary hilli suratlaryny alandygyny habar berdi.

Ykjam ululygyna garamazdan, Taýwanyň kosmos agentligi (TASA) bilen bilelikde işlenip taýýarlanan enjam gözükme ulgamy we Korşuň optiki ulgamy ýaly ösen tehnologiýalar bilen üpjün edildi.
Gara-ak suratlarda Sietldäki we Patagoniýadaky binalary we ýollary görkezýän bary-ýogy bir inedördül kilometre barabar ýer şekillendirilen. Bu suratlaryň ölçegi  2,5-3 metr bolup, bu  CubeSat üçin rekorddyr.
ArkEdge-iň baş müdiri Takaýosi Fukuýo suratlaryň hiliniň aerofoto-düşürmeleri bilen deňleşip biljekdigini belledi.
ONGLAISAT missiýasy optiki ulgamyň we beýiklige gözegçilik ulgamynyň işini-de üstünlikli görkezdi. Hemra 2024-nji ýylyň dekabr aýynda HKS-den uçuryldy we öz missiýasyny 2025-nji ýylyň martynda tamamlar.
Mini-hemranyň üstünligi hemra gözegçiligi, kartografirleme we monitoring üçin täze mümkinçilikleri açyp, şeýle tehnologiýalary has köp ulanyjylar üçin elýeterli edýär.


şu gün 08:02
782

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
648

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 13:48
3.2k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.7k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......