«BAFTA-2025» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: iň gowy film «Konklaw» boldy

  • 17.02.2025 14:10
  • 3k+

Beýik Britaniýada Britan kinoakademiýasynyň (BAFTA) 78-nji baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.

«Iň gowy film» we «Iň gowy britan filmi» nominasiýalary boýunça Edward Bergeriň «Konklaw» filmi ýeňiji boldy. Filmde Watikandaky syýasy intrigalar barada gürrüň berilýär.
Esasy nominasiýalar boýunça ýeňijiler:

  • Iň gowy film: «Konklaw» (Конклав)
  • Iň gowy aktrisa: Maýki Medison – «Anora» (Анора)
  • Iň gowy aktýor: Edrian Broudi – «Brutalist» (Бруталист)
  • Iň gowy režissýor: Breýdi Korbet – «Brutalist» (Бруталист)
  • Iň gowy britan filmi: «Konklaw» (Конклав)
  • Iň gowy kompozitor: Deniel Blumberg – «Brutalist» (Бруталист)
  • Iň gowy ikinji plandaky zenan keşbi: Zoi Saldana – «Emiliýa Peres» (Эмилия Перес)
  • Iň gowy ikinji plandaky erkek keşbi: Kiran Kalkin – «Hakyky agyry» (Настоящая боль)
  • Iň gowy original ssenariý: Jessi Aýzenberg – «Hakyky agyry» (Настоящая боль)
  • Iň gowy uýgunlaşdyrylan ssenariý: Piter Stroan – «Konklaw» (Конклав)

Ýeňijileriň doly sanawy bilen şu ýerden tanyş bolup bilersiňiz.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....